Jan­ly-jan­dar­la­ryň ýa­şa­ýan ýe­ri­ne we ge­ne­ti­ka­sy­na gö­rä her­si­niň özü­ne mah­sus be­den aý­ra­tyn­lyk­la­ry bar. Şeý­le aý­ra­tyn­lyk­la­ryň bi­ri hem reňk saz­la­şy­gy bo­lup, her bir jan­dar öz gar­şy­da­şyn­dan, ýag­ny howp aban­ýan za­dyn­dan go­ran­mak üçin ot-çö­püň, agaç­la­ryň, ýap­rak­la­ryň reň­ki­ne gö­rä keş­bi­ni üýt­ged­ýär. Bu ha­dy­sa köp jan­dar­da do­ga­bit­di bo­lup, kä­bi­rin­de pa­syl­la­ryň ça­lyş­ma­gy, ot-çöp­le­riň gu­ra­ma­gy ýa­ly te­bi­gy öz­ge­riş­lik­leriň ne­ti­je­sin­de hem üýt­gäp bil­ýär. Adat­ça, gap­la­ňy goň­rum­tyl-mä­mi­şi, ga­ra zo­lak­ly, ken­gu­ru­ny çal, pi­li ga­ram­tyl-me­le, ži­ra­fy sa­rym­tyl-go­ňur şe­kil­de göz öňü­ne ge­tir­ýä­ris. Ýö­ne bu­la­ryň seý­rek ýag­daý­da ak gör­nüş­de do­gul­ýan­la­ry hem bar. Mu­ňa al­bi­nos di­ýil­ýär. Al­bi­nos ge­ne­tik mu­ta­si­ýa se­bäp­li me­la­nin ön­dür­ýän fer­ment­le­riň pe­sel­me­gi ar­ka­ly ýü­ze çy­kyp, de­ri­dä­ki, tüý ör­tü­gin­dä­ki hem-de göz­dä­ki pig­ment­ler ýi­tip gid­ýär.

Gap­laň. Eger-de to­kaý jan­dar­la­ry­nyň ara­syn­da gö­zel­lik bäs­le­şi­gi ge­çi­ril­se, ak gap­laň bu bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­si bo­lar. Ak gap­laň kon­ti­nen­tal to­pa­ryň ben­gal gap­laň­la­ry­nyň ki­çi gör­nü­şi­niň ara­syn­da seý­rek ýag­daý­da duş gel­ýär. Kä­bir bi­ler­men­ler ola­ry aý­ra­tyn gör­nüş hök­mün­de bel­le­se­ler-de, dün­ýä­de gap­laň­la­ryň iki to­pa­ry (kon­ti­nen­tal we Sun­da) bar. Ge­ne­tik mu­ta­si­ýa­nyň ne­ti­je­sin­de mä­mi­şi reňk pig­ment­le­ri­ni ýi­ti­rip, ga­ra zo­lak­lar bi­len saz­la­şyk­ly ak sü­tük­li gap­laň döräpdir. Bu bir­nä­çe ýy­lyň do­wa­myn­da kä­wagt duş ge­l­ýän ha­dy­sa­dyr. Ak gap­laň il­kin­ji ge­zek 1951-nji ýyl­da Hin­dis­tan­da ta­py­lyp, öý şert­le­rin­de ulal­dy­lan ýyr­ty­jy­ny «Mo­han» di­ýip at­lan­dyr­ýar­lar. Te­bi­ga­ty öw­re­ni­ji­le­riň bel­le­me­gi­ne gö­rä, soň­ky ýyl­lar­da ak gap­laň­la­ra ýa­ba­ny te­bi­gat­da duş ge­lin­me­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ola­ryň äh­li­si haý­wa­nat bag­la­ryn­da sak­lan­ýar.
Ken­gu­ru. Awst­ra­li­ýa­nyň Kwins­lend se­bi­tin­de ada­ty ken­gu­ru­lar bi­len bi­le­lik­de ak ken­gu­ru hem ýa­şa­ýar. Ýa­ba­ny te­bi­ga­ty öw­re­ni­ji­ler: «Al­bi­nos ken­gu­ru çal reňk­li ýol­daş­la­ryn­dan düýp­gö­ter ta­pa­wut­lan­ýan owa­dan ak sü­tü­ge eýe­dir. Bu ken­gu­ru köp­çü­li­gi geň gal­dyr­ýar» di­ýip bel­le­ýär­ler. Ak ken­gu­ru «Na­maji» mil­li se­ýil­gä­hin­de ide­dil­ýär.
Ak ži­raf hä­zir­ki wagt­da Ke­ni­ýa­nyň de­mir­ga­zyk-gün­do­ga­ryn­da­ky Ga­ris­sa et­rap se­ýil­gä­hin­de ýa­şa­ýar. Te­bi­ga­ty go­raý­jy­la­ryň pi­ki­ri­çe, ži­ra­fyň ge­ne­ti­ka­syn­da­ky leý­kiz­miň art­ma­gy bi­len de­ri­dä­ki pig­ment­ler ýi­tip, ak ži­raf dö­räp­dir. Ak ži­raf­lara il­kin­ji ge­zek 2016-njy ýyl­da Tan­za­ni­ýa­da gör­le­nin­den iki aý­dan soň, Ke­ni­ýa­da hem duş ge­lin­ýär. Iň uzyn boý­ly süý­dem­di­ri­ji­ler bu ýurt­da go­ra­lyp, Te­bi­ga­ty go­ra­mak bo­ýun­ça hal­ka­ra bi­le­le­şi­gi­niň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len­dir.
Pil. Il­ki­baş­da te­bi­ga­ty öw­re­ni­ji­ler we sy­ýa­hat­çy­lar ak pil­le­re ga­bat ge­len­le­rin­de, ola­ry ak daş­dan ýa­sa­lan heý­kel­dir öý­düp­dir­ler. Ak pil­ler Af­ri­ka­nyň de­mir­ga­zy­gyn­da­ky Na­mi­bi­ýa­nyň «Eto­şa» mil­li se­ýil­gä­hin­de sü­ri bo­lup ýa­şa­ýar­lar. Ada­ty pil­ler tom­su­na Gün­den go­ran­mak üçin suw oý­tum­la­ry­na ba­ryp ak toý­nuň pal­çy­gy­ny en­da­my­na çal­ýar­lar. En­da­myn­da ga­tap ga­lan pal­çyk ola­ry ak pil­le­re meň­ze­dip gör­kez­ýär. Ýö­ne ola­ry ta­pa­wut­lan­dyr­mak kyn däl. Ak pil­ler «Eto­şa» mil­li se­ýil­gä­hin­den baş­ga-da, Mýan­ma­da, Tai­land­da seý­rek ýag­daý­da duş gel­ýär.