Kosmos pudagynda iş alyp barýan “SpaceX” kompaniýasy “Dragon” kapsulasy bilen 4 tonna barabar azyk we synag materiallaryndan ybarat ýüki kosmosa iberdi. Halkara Kosmos bekedine iberilen ýükleriň arasynda bakja ekinleriniň tohumlary hem bar. ABŞ-nyň Florida ştatyndaky Kennedi adyndaky kosmodromdan “Falcon 9”  raketasy arkaly iberilen kosmos gämisi halkara bekediň “Harmony” atly modulyna ýanaşar. Soňra bolsa, beketdäki astronawtlar “Dragon” kapsulasynyň basyşly bölegine girip, ýükleri alarlar. Ýükleriň arasynda esasan synag maksady bilen grawitasiýasyz şertlerde ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen maýda “Robin” pomidor tohumy bar. Bu tohumlar geljekde kosmonawtlary iýmit üpjünçiligi bilen üpjün etmek üçin alnyp barylýan synaglaryň çäklerinde synagdan geçiriler. Şeýle hem kosmosa kiçi mikroskop, dürli gurallar, elektrik energiýasy bilen üpjün etjek “iROSA” atly iki sany çeýe Gün paneli hem bar. Bu paneller 29-njy noýabrda hem-de 3-nji dekabrda bekediň daşynda oturdylar. “Dragon” kapsulasy bolsa, ol ýerde gerek bolmajak ýükleri alyp, ýanwaryň başynda Floridanyň kenarynda paraşýut arkaly suwa gondurylar. “SpaceX” kompaniýasy şu ýylyň dowamynda 52 gezek kosmosa gämi uçurdy. Olaryň ikisi astronawt gatnatmak maksady bilen iberilipdi. Şeýlelikde, kompaniýa hepdede ortaça 1 gezek kosmos uçuşyny amala aşyrdy.

Nowruz Rejepow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutunyň talyby