Ýylyň awtoulagy baýragynyň finalçylary belli boldy

46

2022-nji ýy­lyň ahyr­lap bar­ma­gy bi­len “Ýy­lyň aw­tou­la­gy” baý­ra­gy üçin fi­nal­çy­lar bel­li bol­dy. Şu ýy­lyň ba­şyn­da bu baý­ra­ga “Kia EV6” ko­reý bren­di my­na­syp bo­lup­dy. Tä­ze sa­naw­da hem elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän ulag­la­ryň ag­dyk­lyk ed­ýän­di­gi­ni gör­mek bol­ýar. Tek­lip edil­ýän ulag­la­ryň ara­syn­da “Peu­ge­ot 408” we “Volks­wa­gen ID. Buzz” ýa­ly daş­ky di­zaý­ny bi­len ta­pa­wut­lan­ýan ulag­lar hem bar.
Gu­ra­ma­çy­lyk ge­ňe­şi ta­ra­pyn­dan ber­len sa­naw­da şu ulag­lar bar: “Je­ep Aven­ger”, “Kia Ni­ro”, “Nis­san Ariya”, “Peu­ge­ot 408”, “Re­nault Aust­ral”, “Su­ba­ru Sol­ter­ra/Toyo­ta bZ4X” we “Volks­wa­gen ID Buzz”.
Haý­sy ulag­la­ryň baý­ra­ga my­na­syp bo­lan­dy­gy ýan­war­da mä­lim edi­ler. Baý­rak­lar mart aýyn­da Že­ne­wa­da ge­çi­ril­jek hal­ka­ra aw­tou­lag ser­gi­sin­de gow­şu­ry­lar.

Isa Re­jep­ba­ýew, S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.