Hytaýyň  Szýansu welaýatynyň Usi şäherinde jisimleriň internetine (IoT) bagyşlanan sergi geçirilýär. Üç günläp dowam edýän çäräniň çäklerinde ýokary derejeli maslahat, şeýle hem dürli temalara bagyşlanan birnäçe mejlis geçiriler. Sergide awtomat usulda özara täsirleşip bilýän dürli enjamlar görkezilýär. 30 müň inedördül meýdany öz içine alýan merkezde geçirilýän sergide sürüjisiz hereket edýän ulaglar, senagat robotlary ýaly uly maşynlar bilen bir hatarda has kiçi enjamlar hem görkezilýär. Şeýle hem sergide alternatiw energiýa degişli gurluşlar, batareýalar we gündelik işleri ýerine ýetirip bilýän robotlar hem bar.

Sergide görkezilýän sürüjisiz hereket edýän mikroawtobus bolsa, GPS, kameralar we sensorlar bilen üpjün edilip, ýol belgilerini, ýol çyralaryny anyklap bilýär.