Soňky ýyllarda Hytaýyň kompaniýalary Afrikada has köp maýa goýum goýýarlar.  Maliniň Prezidenti Assimi Goita Hytaýyň bu ýurtdaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisini we onuň ýolbaşçylyk edýän wekiliýetini kabul etdi. Duşuşykda paýtagt Bamako hem-de Koutiala şäherinde dokma kärhanasyny gurmak barada şertnama gol çekildi. Koutialada guruljak zawodda ýylda 20 müň tonna, Bamakodaky zawodda ýyllyk 25 müň tonna pagta gaýtadan işlener.

Gurluşygyny “Qingdao” kompaniýasynyň amala aşyrjak taslamasynyň bahasynyň 200 million dollar boljakdygy mälim edildi. Iki kärhanada jemi 5 müň iş orny dörediler.

Maglumatlara görä, Malide geçen ýyl 760 müň tonna pagta öndürilipdir. Ýurduň eksport girdejisiniň

15 göterimini pagta we pagta önümleri emele getirýär.