FIFA Dünýä Kubogynyň finalynda eden etmişleri üçin argentin futbolçylaryna berlen temmileri resmi ýagdaýda mälim etdi.

19-njy iýulda Nýu Ýorkuň golaýyndaky MetLife Stadium-da oýnalan Ispaniýanyň Argentinany 1-0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlanan finalyň ahyrynda argentinaly futbolçylaryň eden gödeksi hereketlerini temmisiz goýmady. Hemmäniň gözüniň öňünde professionalizme gabat gelmeýän hereketleri eden Leandro Parades, Nauel Molina, Tiago Almada, tälimçilerden Roberto Aýala, şol sanda ispaniýaly Gawi  jerime sezewar boldy. Şeýlelikde, Parades Argentinanyň milli ýygyndysyndan 10 oýun çetleşdirildi. Şol bir wagtyň özünde-de oňa 90 müň dollarlyk pul jerimesi salyndy.

Ispan futbolçylarynyň biriniň garnyna uran Nauel Molina 7 oýunlyk hem-de 90 müň dollarlyk pul jerimesi berildi. Tiago Almada 1 oýun hem-de 30 müň dollar, kömekçi tälimçi Roberto Aýala 3 oýun we 30 müň dollarlyk pul jerimesi salyndy.

Ispaniýaly Gawi hem 1 oýunlyk we 30 müň dollarlyk pul jerimesine sezewar edildi.