Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiz döwrümiziň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryna, täze tehnologiýalara, bilimlere we innowasiýalara daýanmak bilen, ylymly, bilimli, medeniýetli ýaşlaryň täze neslini kemala getirmek babatda baý tejribe toplady. Arkadagly Serdarymyzyň belleýşi ýaly, biz, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly sagdyn nesli terbiýelemäge örän uly ähmiýet berýäris. Dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur alyp, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredýäris. Bilim işini döwrebaplaşdyrýarys, milli maksatnamalary, konsepsiýalary üstünlikli durmuşa geçirýäris. Ýaş nesilleriň ýokary derejede bilim almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary, watançylygyň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýäris. Öňdebaryjy halkara tejribeler, milli ýörelgelerimiz esasynda bilim işini kämilleşdirýäris. Okatmagyň usullaryny ylmy-nazaryýet, iş hem-de tejribe nukdaýnazaryndan kämilleşdirýäris, halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýäris.
Mälim bolşy ýaly, bilim almak hukugy adamyň esasy we aýrylmaz konstitusion hukuklarynyň biri bolup durýar. Jemgyýetiň ruhy, durmuş, ykdysady we medeni ösüşiniň esasy hökmünde bilimi kämilleşdirmek Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Bilim Türkmenistanyň ýaş nesli terbiýelemek we okatmak babatda şahsyýetiň, jemgyýetiň, döwletiň isleglerini kanagatlandyrmaga esaslanýan maksatlaýyn we ulgamlaýyn işiniň binýadydyr. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 2-nji maddasynda bilim babatda Türkmenistanyň kanunçylygy we onuň wezipeleri düzgünleşdirilýär. Şoňa görä-de, Türkmenistanda her bir adamyň bilim almaga bolan konstitusion hukugyny üpjün etmek we goramak, Türkmenistanyň raýatlaryna bütin ömrüniň dowamynda hemmetaraplaýyn gurşap alýan we adalatly ýokary hilli bilimi hem-de okamak mümkinçiliginiň höweslendirilmegini üpjün etmek, Türkmenistanda bilim ulgamynyň üznüksiz hereket etmegi we ösmegi üçin hukuk kepilliklerini döretmek esasy wezipeleriň hatarynda durýar.
Galyberse-de, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýurdumyzda ýaşlar üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň hukuk esasyny emele getirýär. Hususan-da, Kanunyň 5-nji maddasynda Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň maksatlary we wezipeleri kesgitlenendir. Şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerinde Türkmenistanyň ýaşlarynyň goşandyny artdyrmak we ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmekde hukuk, durmuş, ykdysady, guramaçylyk şertlerini we kepilliklerini döretmek, hemmetaraplaýyn ösen şahsyýeti kemala getirmek, ýaşlarda watançylyk, türkmen halkynyň taryhy, medeni we ruhy gymmatlyklaryna hormat goýmak duýgusyny ösdürmek ýurdumyzyň ýaşlar barada döwlet syýasatynyň maksatlary we wezipeleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär.
Ýurdumyzda hereket edýän Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy ýaşlarymyza döwrüň talabyna görä, bilim we terbiýe bermegi, ylmy işlere ugrukdyrmagy goldamak babatda möhüm resminamalaryň biri bolup durýar. Döwlet maksatnamasynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýaş alymlary goldamak baradaky alyp barýan syýasaty ýaş zehinleri ýüze çykarmak, ylmy açyşlara höweslendirmek, ylmy işgärleri taýýarlamak bilen bagly döredýän mümkinçilikleri ýurduň ylmy-tehniki we ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga ýardam edýär.
Döwlet maksatnamasynda ýaşlarymyzyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde aýratyn ähmiýetli boljak ylmy gurnaklaryň döredilmegi hem ileri tutulýar. Ylmy gurnaklar ýaşlarymyzyň arasynda aýratyn zehinleri ýüze çykarmaga ýardam bermek bilen bir hatarda, olaryň ylmy-döredijilige bolan hyjuwyny artdyrmaga hem ýardam berýär. Başgaça aýdanymyzda, ylmy gurnaklar ýaşlaryň içinde ýaşaýan jemgyýetine we tutuş adamzada peýdaly bolmak endiklerini edinýän, şeýle hem, ylymda we bilimde gazanylan iň soňky tejribeleri özleşdirmek üçin ýokary okuw mekdeplerinde döredilýän möhüm gurşawlaryň biridir.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda hem netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ýakynda institutyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň garamagynda taryhy, ruhy, durmuş-ykdysady we medeni ösüşlerini öwrenýän «Gadam» atly gurnagyň işine badalga berildi. Bu gurnagyň işine talyp ýaşlar bilen bir hatarda institut bilen hyzmatdaşlyk saklaýan Aşgabat şäheriniň 96-njy we ýöriteleşdirilen 97-nji mekdepleriniň okuwçylarynyň gatnaşmaklaryna hem şert dörediler.
«Gadam» atly gurnagyň 2022-2023-nji okuw ýyly üçin Iş meýilnamasy bilen tanyşanymyzda onuň talyp ýaşlaryň we mekdep okuwçylarynyň gatnaşmaklarynda birnäçe möhüm işleri hem alyp barjakdyklaryny göz ýetirmek bolýar. Ýakyn wagtda gurnagyň agzalary tarapyndan «Batly gadam» atly diwar gazeti çykarylyp başlanar. Onda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň üstünlikleri we talyplaryň ylmy-döredijilik işleri beýany tapar.
Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllygy, şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli institut derejesinde geçiriljek «Bitarap Türkmenistan – parahatçylygyň we dostlugyň mekany» atly dabaraly çärä bolsa, gurnagyň agzalary häzirden uly taýýarlyk görýärler.
Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň professor-mugallymlary gurnagyň meýilnamasyna laýyklykda talyp ýaşlar we mekdep okuwçylary üçin «What is digital Etiquette – Netiquette»?, «Ählumumy edep kadalary» atly ýörite okuw sapaklaryny hem alyp bararlar. Ýeri gelende aýtsak, bu ýörite okuw sapaklarynyň dowamynda talyp ýaşlar we mekdep okuwçylary sanly gurşawda, ýagny internet ulgamyndan, köpçülikleýin torlardan peýdalanan döwürlerinde özüňi mynasyp alyp baryşyň kadalaryny, şeýle hem milli hem-de halkara edep kadalarynyň esaslaryny öwrenmäge mümkinçilik alarlar. Ýörite okuwlar türkmen we iňlis dillerinde alnyp barlar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary: «Ulag diplomatiýasy», «Ykdysady diplomatiýa», «Energetika diplomatiýasy», «Suw diplomatiýasy», «Öňüni alyş diplomatiýasy» boýunça fakultatiw okuw merkezleri, şeýle hem Türkmenistanyň Logistika Assosiasiýasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde tematiki ugurlar boýunça okuw seminarlaryny guramak hem meýilleşdirilýär.
Kafedranyň tejribeli mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda «Magtymguly Pyragy – ruhy gymmatlyklaryň gözbaşy» atly okuw seminarlary we döredijilik agşamlary hem giň gerime eýe bolar. Bu okuw seminarlary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriler.
«Gadam» gurnagynyň agzalary Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň «Ýaşlaryň ylmy we tehnikasy» atly ylmy-köpçülikleýin žurnalda ylmy-köpçülikleýin makalalary çap etmegi hem göz öňünde tutýarlar. Bu ylmy-köpçülikleýin makalalarda gurnagyň agzalary tarapyndan geçiriljek jemgyýetiň taryhy, ruhy, durmuş – ykdysady we medeni ösüşleriniň syýasy, hukuk we sosiologik nukdaýnazardan derňewleriň netijeleri, jemgyýetiniň ykdysady, syýasy we ruhy-medeni durmuşynyň ösüşinde jemgyýetiň düzümleriniň arasyndaky sosial gatnaşyklaryň häsiýetini ylmy taýdan seljermegiň netijeleri, sosial häsiýetli meseleleri we hadysalary çözmegiň täze usullaryny işläp düzmegiň täze tejribeleri giňden beýan ediler.
Ýaşlarymyzyň ajaýyp geljegini gurmak babatda taýsyz tagallalar edýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman, döwletli tutumlary elmydama rowaç bolsun!
Gylyçmuhammet JORAÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy