Täjigistanyň medeniýetine syýahat

166

Täjigistanyň medeniýeti  ýokary gözelligi bilen dünýäde özüniň aýratynlygyny saklaýan medeniýetleriň biridir. Bu medeniýet özüniň taryhy bilen birnäçe özgerişlikleri başdan geçirendir. Ýagny, Zaratuştra dini, Yslam dini, Pars dili, Sowet ulgamy Täjigistanyň häzirki medeniýetiniň baý mirasynyň döremegine öz täsirlerini ýetiripdir.

Täjigistan medeniýeti milli eşiklerde, tanslarda, aýdym-sazda ýüze çykýar. Dürli festiwallarda ýerli medeniýeti aç-açan häsiýetlendirýän sport oýunlary gurnalýar. Täjigistan edebiýaty we poeziýasy, şahyrana aýdym-sazlar medeni ulgamda aýratyn bir ýer tutýar.

Täjik edebiýaty we poeziýasy. Täjik edebiýaty we poeziýasy  müňlerçe ýyllyk taryhy bar.  Täjik edebiýaty bir wagtlar pars edebiýatynyň bir bölegi bolupdyr, ýöne XVI asyrda aýratyn  şaha bolup ýüze çykypdyr. Käbir döwürlerde Özbegistanyň edebiýaty bilen hem ýakyndan baglanyşykly bolupdyr. Täjikleriň iň meşhur ýazyjylary Rudaki, Firdöwsi, Jami, Ahmad Doniş we Sadriddin Aýni bolupdyr. Olar diňe bir türki halklaryň içinde däl, eýsem bütin dünýäniň edebiýatyna öz goşantlaryny goşupdyrlar. Bu meşhur şahsyýetler öz döwrüne görä, birnäçe žanrlarda eserleri döredip, häzirki nesillere miras galdyrypdyrlar.

Täjik saz sungaty. Häzirki wagtda Täjigistanyň sazy birnäçe ugurda: halk, nusgawy, häzirki zaman görnüşde tapawutlandyrylýar. Arheologiki gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde, Täjigistanyň aýdym-saz medeniýetiniň taryhy 2000 ýyldan gowrak hasaplanylýar.  Orta asyrlarda Täjigistanly alymlar we akyldarlar aýdym-saz hakda traktatlar döredipdirler, şonda saz gurallaryny we akustiki aýratynlyklaryny beýan edipdirler. Täjigistanyň halk aýdym-sazlary şertli ýagdaýda birnäçe görnüşe bölünýär – merkezi, demirgazyk we Pamir. Nusgawy sazyň birnäçe žanrlary bar. Ýöne “şaşmakom” žanry ýerli ilat arasynda has meşhurdyr. Bu sözüň esasy düýp sözi “makom” bolup, nusgawy sazlarynyň bir görnüşi hasaplanylýar. Ýagny, bu žanr Ýewropanyň sýuita, opera žanrlaryna meňzeýär.

 Täjik tansy. Täjik medeniýetiniň iň täsirli görnüşi tans sungatydyr. Täjik tanslary  dürli-dürlüdir. Häzirki wagtda olar, adatça, halk we professional toparlara bölünýärler. Şeýle hem bu sungat  Buhara tansy, Kulýab tansy, Gissar tansy, Pamir tansy we ş.m. görnüşlerde öwredilýär. Täjigistanda bu sungatyň ýene bir aýratynlygy bolsa  haly bilen tans, küýze bilen tans, at bilen tans, aşpeziň tansy, bürgüdiň tansy we başga-da şuňa meňzeş görnüşde tanslaryň guralmagydyr. Bürgüt tansy iň gadymy hasaplanýar we ýerine ýetiriş usuly taýdan örän ýönekeýdir. Ýagny, tansçy bürgüdiň  daglaryň üstünden ganat ýaýyp uçmagyna öýkünýär. Bu tansyň özi baýramçylyklarda we toýlarda gaty meşhurdyr.

Täjik egin-eşikleri.  Adaty täjik eşikleri häzirki döwürde seýrek duş gelýär. Milli eşikli adamlary diňe obalarda ýa-da halk baýramçylyklarynda görmek bolýar. Täjik eşikleriniň birnäçe açyk reňkleri we göni çyzyklary bolup, adamlara geýmek üçin oňaýlydyr. Erkekler köýnek, balak we halat geýýärler, aýallar bolsa tunika görnüşdäki köýnekleri, balak we has nepis halatlary geýýärler. Egin-eşikler ýüpek pagtadan ýa-da “aloça” diýilýän  materiallaryň garyndysyndan tikilýär. Adamlar kellelerine dürl başgaplary, ýaglyklary ýa-da selleleri, aýaklaryna bolsa “mahsi”, galoşlar ýa-da agaç aýakgaplary bolan “kafşi çubin” geýýärler.

Täjigistanda sport oýunlary. Täjigistan medeniýetiniň iň ajaýyp görnüşlerinden biri hem milli sport oýunlarydyr. Ýurtda “buzkaşi” we “çawgonbozi” ýaly atçylyk oýunlary gaty meşhur. Buzkaşi sözüniň manysy  “buz”-geçi, “kaşidan”-çekmek sözlerinden gelip çykýar. Bu oýunda söweşýän dört atlydan ybarat iki topar oýnaýar. Oýunyň esasy maksady oýunçylar geçini ilkinji bolup pellehana eltmekdir. Çawgonbozi, alty adamdan ybarat iki toparyň gatnaşýan oýnudyr. Oýunçylar atyň üstünde hereket edip ellerindäki taýajyklaryň kömegi bilen topy derwezä urmak üçin ýaryşýarlar Bu oýunlardaky ýaryşlar müňlerçe tomaşaçynyň ünsüni özüne çekýär. Ýene bir sport oýny bolan “Guştingiri” milli göreşi Täjigistanda gaty meşhurdyr. Bu görnüş gadymy oýunlaryň biri bolup, özüniň 3000 ýyllyk taryhy bar. Guştingiri garşydaşlaryň guşakdan bir-birini tutýan adaty milli täjik göreşidir. Täjik göreşini diňe bir dürli ýaryşlarda däl, eýsem festiwallarda we hatda toýlarda-da görmek bolýar. Guştingiriniň iň gowy söweşijilerine gahryman hökmünde terjime edilýän “polwon” diýilýär.

Pamir medeniýeti. Pamir daglarynda pamir halkynyň özboluşly medeniýeti saklanyp galypdyr. Bu ýerde dürli jülgelerde ýaşaýan birnäçe halklar dürli dillerde gepleşýärler. Pamir dilleri  pamir medeniýetiniň bir bölegidir. Olaryň käbirinde gepleýän örän az, käbiri bolsa ýitmek howpy bolan diller hasaplanýar. Şol bir wagtyň özünde, iki müň ýyl bäri üýtgemän galan pamir medeniýetiniň bir elementi bolan pamir öýi hem özüniň aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Pamirliler öýi “Çid” diýip atlandyrýarlar. Çidiň içi birnäçe dini şekillerden doly bolup, özüniň dini manysy bolan 5 sany sütünlere daýanýar.

Begenç AŞYROW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby