Belarus Respublikasynyň daşary işler ministri Wladimir Makeý 64 ýaşynda aradan çykdy. Tejribe diplomatyň aradan çykandygy zerarly Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hem gynanç hatyny ýollady.

“Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hormatly kärdeşimiz, Belarus Respublikasynyň daşary işler ministri Wladimir Wladimirowiç Makeýiň biwagt aradan çykmagy bilen baglanyşykly çuňňur gynanç bildirýär” diýlip, hatda bellenilýär.

Şeýle hem bu hatda Wladimir Wladimirowiçiň Belarusyň diplomatik gullugynyň ösmegine goşant möhüm goşandy, öz ýurdunyň daşary syýasatyny yzygiderli, berk we düýpli alyp barandygy, halkara syýasy arenasyndaky ornuny we bähbitlerini gorandygy aýdylýar.

Wladimir Wladimirowiç Makeý ýokary hünärli diplomat, sada we edepli adam, ak ýürekli we wepaly dost hökmünde hemişe ýadymyzda galar, diýlip Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň gynanç hatynda bellenilýär.

1958-nji ýylda doglan Wladimir Makeý 2012-nji ýylyň awgustyndan bäri Belarusyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy wezipesinde işledi. Mundan ozal, ol 2008-nji ýyldan 2012-nji ýyla çenli Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň administrasiýasynyň ýolbaşçysy, 2000-2008-nji ýyllarda bolsa Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň kömekçisi wezipelerinde işledi.