Katar 2022-de C toparçada Argentinanyň ýygyndysy Meksikany 2-0 hasabynda ýeňipdi. Lionel Messi (64) we onuň pasyndan soň Enzo Fernandesiň (87) geçiren gollary bilen 2-0 hasabynda ýeňen Argentina şu çempionatdaky ilkinji 3 utugyny gazandy. Bu duşuşykda 2-nji goluň pasyny beren Lionel Messi 5 Dünýä Kubogynda asist eden ilkinji futbolçy boldy. 2006-njy ýylda 1 goluň pasyny beren Messi 2010-njy, 2014-nji we 2018-nji ýyllardaky çempionatlarda-da 2 asist edipdi. Şeýle-de bu duşuşyga 88 müň 966 janköýer tomaşa etdi. Bu bolsa ABŞ 1994 Dünýä Kubogynyň finalyndan soň iň köp tomaşa edilen Dünýä Kubogy duşuşygy hökmünde hasaba alyndy. Braziliýa bilen Italiýanyň arasyndaky şol finala tomaşa etmek üçin 94 müň 194 janköýer ýygnanypdy.