Doly ýük bilen 805 kilometr ýol geçdi

97

“Tes­la” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän “Se­mi” at­ly ýük ula­gy­nyň do­ly ýük bi­len 805 ki­lo­metr (500 mil) ýol ge­çen­di­gi mä­lim edil­di. Go­laý­da bu ula­gyň 1-nji de­kabr­dan baş­lap müş­de­ri­le­re ýe­ti­ri­lip baş­lan­jak­dy­gy mä­lim edi­lip­di. Kom­pa­ni­ýa­nyň ýol­baş­çy­sy Ilon Mask jem­gy­ýet­çi­lik to­ry ar­ka­ly 36,74 ton­na ýük­li “Tes­la Se­mi” mo­de­li­niň 500 mil ýo­ly ge­çen­di­gi­ni bel­le­di.
Şeý­le ula­gyň ödü­ril­jek­di­gi 2017-nji ýyl­da mä­lim edi­lip­di. Bu ula­gyň önüm­çi­li­gi­ne ýa­kyn­da baş­la­nyp­dy. “Se­mi” ýük ula­gy­nyň do­ly ýük­li wag­ty 96 km/sa­gat tiz­li­ge 20 se­kunt­da çy­kyp bil­ýän­di­gi we ba­ta­re­ýa­sy­nyň 30 mi­nut­da 70 gö­te­rim dol­ýan­dy­gy mä­lim edil­di. Elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän ýük ulag­la­ry­ny ön­dür­mek­de “Volvo”, “Freight­li­ner” we “Ni­ko­la” ýa­ly beý­le­ki aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­le­ri hem iş alyp bar­ýar. Şeý­le-de bol­sa, “Tes­la” do­lu­ly­gy­na elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän bu ula­gy­ny ön­dür­me­gi bi­len bäs­deş­le­rin­den öň­de­di­gi­ni aýan et­di. “Tes­la Se­mi” 805 ki­lo­metr ara­ly­gy or­ta­ça se­kiz sa­gat tö­we­re­gi wagt­da geç­ýär. Bu bol­sa, sü­rü­ji­niň hem dynç al­mak üçin ara­kes­me et­me­li wag­ty­na ba­ra­bar­dyr. Ula­gyň di­zel däl-de, elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­me­gi bol­sa ýan­gyç üçin edil­ýän çyk­da­jy­ny ep-es­li de­re­je­de azald­ýar. Şeý­le bo­lan­soň, bu ula­ga is­le­giň ýo­ka­ry bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. “Se­mi” ýük ulag­la­ry­ny azyk we içim­lik önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän kom­pa­ni­ýa­lar köp muk­dar­da sar­gyt edip­di­ler.

Mes­gen Ça­ry­ýew, Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by