Katar 2022-de “H” toparçada Portugaliýa bilen Urugwaýyň duşuşygynda ýewropalylar 2-0 hasabynda ýeňiş gazandy. Iki topar 2018-nji ýylda-da 1/8 finalda duşuşypdy we şonda Urugwaý Luis Suaresiň gollary bilen 2-0 utupdy. Bu gezek Portugaliýa 2-0 ýeňip, gollaryň ikisini-de 54-nji we penaltiden 90+3-nji minutlarda Bruno Fernandeş geçirdi. Onuň 1-nji goluny ilki Kristiano Ronaldonyň geçirendigi bellenildi. Ýöne düýpli seljerişden soň topa Ronaldonyň degmändigi mälim edildi we gol Bruno Fernandeşiň adyna ýazyldy. Netijede, 2-0 hasabynda ýeňiş gazanan Portugaliýanyň ýygyndysy 1/8 finala adyny ýazdyran 3-nji topar boldy.
Gana bir ädim öňde
Günorta Koreýa bilen Gananyň ýygyndylary duşuşdy. Çekeleşikli geçen duşuşyk garşylykly gol duellosyna öwrüldi. Oýnuň 1-nji ýarymynda Gananyň ýygyndysy Muhammed Salisu (24) we Muhammed Kudusyň (34) gollary bilen 2-0 öňe saýlandy. 2-nji ýaryma erjel başlan koreýler 16 minutda hasaby deňlemegi başardy. 58-nji we 61-nji minutlarda Çžo Gýu Son kelle urgulary bilen tapawutlanyp, hasaby deňledi. Ýöne Gananyň hem bu 2 gola jogaby gijikmedi.68-nji minutda ýene-de Muhammed Kudus özüniň 2-nji, toparynyň 3-nji goluny geçirdi. Bu gol duşuşykdaky soňky gol boldy. Galan minutlarda koreýler iň bolmanda hasaby deňlejek bolup, jan aýaman hüjüm etdiler. Ýöne bu hüjümler oňyn netijesini bermedi. Şeýlelikde, Gananyň ýygy
ndysy 3-2 hasabynda ýeňşini baýram etdi. Iki toparyň hem 1/8 finala çykmak mümkinçiligi dowam edýär.
Toparçadaky 3-nji duşuşyklarda 2-nji dekabrda Portugaliýa bilen Günorta Koreýa, Gana bilenem Urugwaý duşuşar.
PDF









