Elektroulaglaryň esasy bölegi hasaplanýan batareýalar ýokary tehnologiýa talap edip, diňe käbir ýurtlarda öndürilýär. Diňe elektroulag öndürýän kompaniýalar hem ulagyň bu bölegini tehnologiýa kompaniýalaryna sargyt edýärler. Bu ugurda öňdebaryjy ýurtlaryň biri bolan Hytaýda has köp batareýa öndüriljekdigi mälim edildi. 2025-nji ýyla çenli ýurtda elektroulaglara gerek bolandan üç esse köp batareýa öndüriler. Şol ýyl ýurtda umumy kuwwaty 3 müň gigawat/sagada ýetýän batareýa öndüriler. Häzirki wagtda bu görkeziji 500 gigawat/sagat. 2025-nji ýyla çenli ýurtda öndürilýän elektroulaglar üçin 1 000 gigawat/sagat batareýa ýeterlik bolar.
Häzirki wagtda ýurtda iş alyp barýan kompaniýalar Ýewropanyň we ABŞ-nyň kompaniýalaryndan köp mukdarda sargyt kabul edýär. Şeýle bolansoň, täze önümçilik merkezleriniň hem gurluşygyna üns berilýär. Dünýäniň iň uly elektroulag batareýa öndürijisi “Contemporary Amperex Technology Limited” (CATL) kompaniýasy “Tesla” we BMW kompaniýalaryny batareýa bilen üpjün etmek üçin hyzmatdaşlyk edýär. Ýurtda batareýa öndürýän 50-ä golaý ululy-kiçilik şereket bar.
Soltan Babajanow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy
PDF









