Elekt­rou­lag­la­ryň esa­sy bö­le­gi ha­sap­lan­ýan ba­ta­re­ýa­lar ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa ta­lap edip, di­ňe kä­bir ýurt­lar­da ön­dü­ril­ýär. Di­ňe elekt­rou­lag ön­dür­ýän kom­pa­ni­ýa­lar hem ula­gyň bu bö­le­gi­ni teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­la­ry­na sar­gyt ed­ýär­ler. Bu ugur­da öň­de­ba­ry­jy ýurt­la­ryň bi­ri bo­lan Hy­taý­da has köp ba­ta­re­ýa ön­dü­ril­jek­di­gi mä­lim edil­di. 2025-nji ýy­la çen­li ýurt­da elekt­rou­lag­la­ra ge­rek bo­lan­dan üç es­se köp ba­ta­re­ýa ön­dü­ri­ler. Şol ýyl ýurt­da umu­my kuw­wa­ty 3 müň gi­ga­wat/sa­ga­da ýet­ýän ba­ta­re­ýa ön­dü­ri­ler. Hä­zir­ki wagt­da bu gör­ke­zi­ji 500 gi­ga­wat/sa­gat. 2025-nji ýy­la çen­li ýurt­da ön­dü­ril­ýän elekt­rou­lag­lar üçin 1 000 gi­ga­wat/sa­gat ba­ta­re­ýa ýe­ter­lik bo­lar.
Hä­zir­ki wagt­da ýurt­da iş alyp bar­ýan kom­pa­ni­ýa­lar Ýew­ro­pa­nyň we ABŞ-nyň kom­pa­ni­ýa­la­ryn­dan köp muk­dar­da sar­gyt ka­bul ed­ýär. Şeý­le bo­lan­soň, tä­ze önüm­çi­lik mer­kez­le­ri­niň hem gur­lu­şy­gy­na üns be­ril­ýär. Dün­ýä­niň iň uly elekt­rou­lag ba­ta­re­ýa ön­dü­ri­ji­si “Con­tem­po­ra­ry Am­pe­rex Techno­lo­gy Li­mi­ted” (CATL) kom­pa­ni­ýa­sy “Tes­la” we BMW kom­pa­ni­ýa­la­ry­ny ba­ta­re­ýa bi­len üp­jün et­mek üçin hyz­mat­daş­lyk ed­ýär. Ýurt­da ba­ta­re­ýa ön­dür­ýän 50-ä go­laý ulu­ly-ki­çi­lik şe­re­ket bar.

Sol­tan Ba­ba­ja­now, Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň uly mugallymy