30-njy noýabrda paýtagtymyzda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 11-nji mejlisi geçirildi. Oňa iki ýurduň birnäçe döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Nobatdaky mejlisiň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklary, hususan-da, geçen mejlislerde öňe sürlen teklipleri iş ýüzünde ýerine ýetirmek, sazlaşykly ösýän hyzmatdaşlygyň geljekki täze ugurlaryny kesgitlemek meseleleri girizildi.

Mejlisi açmak bilen, toparlaryň başlyklary birek-birege hormat goýmak we özara bähbitlilik esasda ýola goýulýan türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtadylar. Bellenilişi ýaly, taraplar bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek ugrunda bar bolan uly mümkinçilikleri doly derejede peýdalanmaga çalyşýarlar. Mejlise gatnaşyjylar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, türkmen-awstriýa döwletara gatnaşyklaryň söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda sazlaşykly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Ileri tutulýan ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtap, taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassykladylar we onuň geljegi uly hasaplanylýan ugurlaryny kesgitlediler. Hususan-da, energetika, ulag-logistika, gurluşyk we infrastruktura, saglygy goraýyş, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek ýaly ulgamlarda ýola goýulýan gatnaşyklaryň uly geljeginiň bardygy bellenildi. Şeýle-de maşyn gurluşygy, ekologiýa we maglumat tehnologiýalary ýaly ugurlara aýratyn üns berildi.

Mejlisiň dowamynda birnäçe ugurlar boýunça bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň taraplar üçin has-da bähbitli boljakdygy nygtaldy. Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň netijeli iş alyp barmaklary ugrunda döwletimizde amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilendigini belläp, toparyň awstriýa tarapynyň agzalary bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän orunlaryny has-da giňeltmäge bolan gyzyklanmalaryny beýan etdiler.

Hususan-da, 2017-nji ýylyň iýunynda Wena şäherinde açylan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilhanasynyň mümkinçilikleri barada aýdyldy. Ol biziň ýurdumyzyň hem-de Ýewropanyň işewür düzümleriniň arasynda baglanyşdyryjy köpri bolup hyzmat edýär we eksport-import amallarynyň, birek-birege ugradylýan harytlaryň, ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň möçberiniň artmagyny, iki döwletiň hojalyk düzümleriniň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny şertlendirýär.

Netijeli gatnaşyklary ösdürmekde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Awstriýa Respublikasynyň Federal ykdysady palatasynyň, Awstriýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň söwda wekilhanasynyň işine möhüm orun degişlidir. Olar iki döwletiň işewür toparlarynyň wekillerine ýakyndan goldaw berýärler. Munuň özi uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga, Türkmenistanda önümçilik toplumlarynyň gurluşygy boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge, azyk we beýleki harytlaryň önümçiligi üçin enjamlary ugratmaga uly gyzyklanmalaryň bardygyny görkezýär.

29-njy noýabrda geçirilen Türkmen-awstriýa işewürlik maslahatynda “Balam” konditer kärhanasy bilen “Akras Flavours GmbH” kompaniýasynyň arasynda, şeýle-de Türkmenistanyň “Halk market” supermarketler toplumy bilen Awstriýa-türkmen jemgyýetiniň arasynda degişli şertnamalaryň baglaşylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Duşuşyga gatnaşyjylar mejlisiň dowamynda täze gazanylan ylalaşyklaryň, şeýle-de düýn geçirilen ikitaraplaýyn işewürlik maslahatynyň özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegini üpjün etjekdigine ynam bildirdiler.

Mejlisiň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.