Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türk­men-awst­ri­ýa jem­gy­ýe­ti­niň baş­ly­gy ha­nym Ne­da Ber­ger bi­len ge­çi­ren du­şu­şy­gyn­da Türk­me­nis­tan bi­len Awst­ri­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da­ky ýo­la goý­lan ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek ba­bat­da­ky me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Myh­man bi­len mä­hir­li sa­lam­la­şyp, Gahryman Arkadagymyz Ne­da Ber­ge­riň Türk­me­nis­tan­da uly hor­ma­ta eýe­di­gi­ni aýt­dy. Şeý­le-de, hormatly Arkadagymyz onuň ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän köp san­ly baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry­na iş­jeň gat­naş­ýan­dy­gy­ny we iki ýur­duň ara­syn­da dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne my­na­syp go­şant goş­ýan­dy­gy­ny ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di.
Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, Türk­men-awst­ri­ýa jem­gy­ýe­ti 2008-nji ýy­lyň no­ýabr aýyn­da dö­re­dil­di we onuň in­ter­net saý­ty açyl­dy. Şeý­le-de, «Gal­ky­nyş» žur­na­ly çap edil­ýär. Şu­nuň bi­len bir ha­tar­da, Aş­ga­bat­da hem-de We­na şä­he­rin­de bu jem­gy­ýe­tiň gu­ra­ma­gyn­da Me­de­ni­ýet gün­le­ri yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýär. Ýew­ro­pa­da ýe­ke-täk «Gal­ky­nyş» at­ly bi­le­lik­dä­ki sim­fo­ni­ki or­kest­riň çy­kyş­la­ry, paý­tag­ty­myz­da gu­ral­ýan We­na bal­la­ry we beý­le­ki dö­re­di­ji­lik çä­re­le­ri ta­rap­la­ryň me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe bol­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär.
Iki ýur­duň we hal­kyň has-da ýa­kyn­laş­ma­gy, Türk­me­nis­tan­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän öz­gert­me­le­riň giň­den wa­gyz edil­me­gi ug­run­da hem­me­ta­rap­la­ýyn ta­gal­la ed­ýän­di­gi üçin Türk­men-awst­ri­ýa jem­gy­ýe­ti­niň baş­ly­gy­na min­net­dar­lyk bil­di­rip, Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak we yna­nyş­mak esa­syn­da ýo­la go­ýul­ýan türk­men-awst­ri­ýa gat­na­şyk­la­ry­nyň saz­la­şyk­ly ös­dü­ril­ýän­di­gi­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di. Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da Türk­me­nis­tan bi­len Awst­ri­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň di­ňe bir iki­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de däl, eý­sem, hal­ka­ra dü­züm­le­riň çäk­le­rin­de-de üs­tün­lik­li hyz­mat­daş­lyk ed­ýän­di­gi nyg­tal­dy. Ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň çäk­le­rin­de äh­lu­mu­my we se­bit­le­ýin de­re­je­dä­ki hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ra hem-de tek­lip­le­re iki­ta­rap­la­ýyn gol­daw be­ril­ýän­di­gi mu­nuň aý­dyň be­ýa­ny­dyr. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Awst­ri­ýa­nyň dür­li ugur­lar bo­ýun­ça ýö­ri­te­leş­di­ri­len iri kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň mö­hüm or­na eýe bo­lan Türk­men-awst­ri­ýa jem­gy­ýe­ti­niň ag­za­la­ry­dy­gy­ny aý­ra­tyn bel­le­me­li.
Şeý­le-de, par­la­men­ta­ra gat­na­şyk­la­ry ös­dür­me­giň me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Onuň mun­dan beý­läk-de gi­ňel­dil­me­gi­ne we ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ryň iki ýur­duň halk­la­ry­nyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň bäh­bi­di­ne ös­dü­ril­me­gi­ne ta­rap­lar uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýär­ler.
Türk­me­nis­tan­da Awst­ri­ýa Res­pub­li­ka­sy bi­len ýo­la go­ýul­ýan dost­luk gat­na­şyk­la­ry­na ýo­ka­ry ba­ha be­ril­ýän­di­gi­ni bel­läp, Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Türk­men-awst­ri­ýa jem­gy­ýe­ti­niň baş­ly­gy ha­nym Ne­da Ber­ge­re berk jan sag­lyk, aba­dan­çy­lyk we üs­tün­lik ar­zuw et­di.