Ýaponiýanyň Aomori şäherinde gardan energiýa almak meýilleşdirilýär. Ýaponiýada gardan elektrik toguny almagyň täze usuly işlenip düzüldi. Bu usul garyň köp ýagýan Aomori şäherinde synagdan geçiriler. Tehnologiýa garyň massasyndaky we üstündäki temperatura tapawudyna esaslanýar.
Tehnologiýa dekabr aýynda işe giriziler, indiki ýylyň mart aýyna çenli synag ediler. Şäher häkimlikleri köçelerden garlary ulanyşdan galan mekdepde enjamlaşdyrylan ýörite howuza jemlärler. Şol ýerde gar gatlaklaryna ýylylyk geçiriji turbalar gurlar we üstündäki howa tebigy ýagdaýda Gün bilen gyzdyrylar. Gar massalary bilen daşarky howanyň arasyndaky temperatura tapawudy turbinanyň içinde konweksiýa toguny döretmek üçin ulanylar.
Işläp düzüjiler bu ulgam üstünlikli bolsa, ulgamyň ulanylyşyny giňeltmegi, iri kärhanalary
elektrik togy bilen üpjün etmek üçin gar ýygnaýan jaýlary enjamlaşdyrmagy teklip edýärler.
Nurana SEÝIDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
PDF









