“Tesla”-nyň elektrik energiýasy bilen işleýän ilkinji ýük ulagy öndürilip, müşderisine gowşuryldy. 2017-nji ýylda aýan edilen taslamanyň çäklerinde öndürilen uly ýük ulagynyň ilkinji müşderisi “Pepsi” kompaniýasy boldy. Kompaniýanyň Newada ştatyndaky zawodynda ýük ulagynyň müşderilere ýetirilip başlanmagy mynasybetli “Semi Delivery Event” atly dabara geçirildi. Ulagyň ilkinji müşderisi bolan “Pepsi“ jemi 100 sany ulag sargyt edipdir.
“Semi” ýük ulagynda üç sany elektrik motory bolup, 0-100 km/sagat 20 sekuntda ýetýär. “Semi”-niň adaty ýangyçly ulaglardan has tygşytly boljakdygy bellenilýär.
Çemen Guljanowa, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby
PDF









