Şwesiýanyň ýük ulaglaryny öndürýän «Scania» kompaniýasy Ýewropada ilkinji gezek sürüjisiz ulag bilen ýük gatnawyny amala aşyrdy. Kompaniýanyň awtonom çözgütler boýunça ýolbaşçysy Peter Hafmar ýük ulagynyň harytlary A nokadyndan B nokadyna dolulygyna özbaşdak amala aşyrandygyny mälim etdi. Ýük ulagy ýurduň günortasyndaky Sýodertelýe we Ýonçýoping şäherleriniň aralygyndaky 300 kilometrlik ýoly geçdi. Sürüjisiz ýük ulagynyň ýokarsynda kameralar we gapdalynda kiçijik sensorlar, kabinanyň içinde sürüji üçin niýetlenen ähli enjamlar bar. Öň tarapda goşmaça ýerleşdirilen başga enjamlar we ekranlar bar. Ulagyň nähili işleýändigini görkezmek üçin inžener Goran Fýallid ýolagçynyň oturgyjyna oturyp, kameralardan gelýän şekilleri we beýleki maglumatlary ýankompýuterde barlaýar. Ýük ulagy dürli sensorlardan gelýän maglumatlary GPS ulgamy bilen birleşdirip, howpsuz ýagdaýda ýoluna dowam edip bilýär.
Jennet HALLYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.