Türkmenler irki döwürlerden bäri daýhançylygy ösdürmäge aýratyn goşant goşan halklaryň biridir. Munuň şeýledigine şöhratly taryhymyzyň köne gatlarynda duş gelinýän ýadygärliklerden tapylan tapyndylaryň üsti bilen hem göz ýetirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda hem gadymy ekerançylygyň mesgeni bolan ýadygärlikler, oturymly ýerler hakynda gyzykly, täsirli maglumatlar getirilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň «Adamzat taryhynda ilkinji oturymly ekerançylyk we şäher medeniýetiniň dörän mekanlarynyň biri hem täsin haýwanat dünýäli, gözel jülge-dereli, melhem çeşmeli, mes gadymy türkmen topragynda – Merkezi Köpetdagdan inýän çeşme-çaýlaryň boýunda emele gelen Jeýtun medeniýetidir» diýýän sözleri hem muňa şaýatlyk edýär.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli mirasymyzy, medeniýetimizi ylmy esasda öwrenmek, täze öwüşgin bilen halka ýetirmek babatynda birnäçe işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyz özüniň ýazan kitaplarynda ähli ugurlar bilen bir hatarda oba hojalygyna hem aýratyn üns bermelidigini belläp geçýär.
Türkmeniň jöwzaly tomsy gök we bakja ekinleriň, miweleriň bereketli hasylyny getirýär. Güneşli Diýarymyzda kemala gelýän her bir ekerançylyk önümi özüniň tagamy, durumy, dermanlyk häsiýeti bilen tapawutlanýar. Miwedir bakja ekinleri bu topragyň gatynda kök urup, bişip ýetişeninden soň, datly tagamy, sowuga, yssa çydamlylygy, terligi, dykyzlygy bilen täsin tebigatly ýurdumyzyň keramatynyň şaýady bolup durýar. Şiresi daşyna çykyp duran üzümler, göreni haýrana goýýan almadyr-narlar ene topragymyzyň keramatyndan nyşandyr. Halkymyzyň «Uly iliň soltany» diýip arzylan tyllaýy bugdaýlary babadaýhanlaryň ýyly mähri bilen alyn derinden kemala gelen täsin bir gudrat hökmünde görlüpdir. Türkmen halkynyň gözel tebigatyna, bereketli topragynyň eçilen rysgal-berekediniň, nazy-nygmatynyň ählisine iňňän aýawly garandygy, rejeli peýdalanandygy, ýerlikli ulanandygy, özüniň halal zähmeti, alyn deri bilen dürtseň kesewini gülledýän altyn topragyndan dünýä belli ak bugdaýdyr waharmanlary, üzümleri, beýleki nygmatlary öndürendigi taryhdan hem mälimdir. Halkymyz bol hasylly ene topragyň taýýarlyk işleriniň her biri üçin aýratyn manyly sözleri döredip geljekki nesillere miras galdyrypdyr. «Ala sürlen ýeri çöp basar», «Almany çöle ek, armydy baýra», «Almany çöle ek, üzümi köle» ýaly setirler halkymyzyň daýhançylyk senediniň has gadymydygyny ýene bir gezek subut edýär. Geljekki agronomlara, oba hojalykçy hünärmenlere ýol-ýörelge boljak şeýle setirler «Paýhas çeşmesi» kitabynda has-da köpdür. «Aglap-aglap pel çeken, gülüp-gülüp suw tutar» diýen setirler bolsa azaply zähmetiň soňunyň çäksiz rehnetdigini aňladýar.
Halk döredijiligimizde, nusgawy şahyrlarymyzyň ýazan liriki eserlerinde türkmeniň bakja ekinleriniň çeper beýany berilýär. Gawunyň, garpyzyň, armydyň dermanlyk häsiýetleri, süýjüligi edebi mirasymyzda-da öz çeper waspyny tapypdyr. Şahyr Nurmuhammet Andalybyň döredijiliginde türkmen topragynda dürli görnüşli miweleriň, bakja we gök ekinleriň ösdürilip ýetişdirilýändigi giňden beýan edilýär. Ekinleriň bol hasylynyň gözbaşy bolan suwuň waspy şahyryň «Jykyr» atly goşgusynda ýokary derejede wasp edilýär. Şahyr suwuň bereket çeşmesidigini, eger-de suw ýeterlik bolan wagtynda, ynsan zähmetiniň netijesinde türkmen topragynda dürli ir-iýmişleriň birnäçe görnüşleriniň bitýändigini aýratyn belläp geçýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda daýhanlara uly hormat goýulýar. Olaryň oňat ýaşamaklary, medeniýetli dynç almaklary üçin oňyn şertler döredilýär. Il-halkyna şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Akjagül Ataýewa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.