Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da artmagy köp derejede ýurduň bilim ulgamynyň binýadynyň berk bolmagyna, ýaşlarymyzy giň dünýägaraýyşly, düşünjeli, ruhubelent hem-de medeniýetli edip kemala getirmek işine bagly bolup durýar. Islendik önümçilik pudagynyň ýokary depgindäki ösüşi ylmyň soňky gazananlarynyň, dünýä ülňülerine laýyk gelýän kämil tehnikalaryň önümçilige ornaşdyrylyşyna we olary dolandyrmagy başarýan ýaşlara bagly bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda eden taryhy çykyşynda: «Ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim we beden taýdan ösüşine uly ähmiýet berýäris. Çünki ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, nurana geljegidir» diýip nygtady. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyna uly orun berlip, ýaşlaryň sanly tehnologiýalardan baş çykarmagy üçin bilim ojaklary kompýuterler, kämil tehniki serişdeler bilen üpjün edilýär.
Türkmenistanda daşary ýurt dilleriniň okadylyşy kämilleşdirilýär. Ýurdumyzyň raýatlarynyň ene dili bilen bir hatarda daşary ýurt dillerini kämil bilmeklerini sazlaşykly üpjün edýän döwrebap ulgamlar döredilýär we netijeli hereket edýär. Bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda bitewi bilim gurşawy döredilýär, daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmuny ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrylýar, dil öwrenýänleriň dil we medeni bilimleriniň hili ýokarlandyrylýar, okatmagyň innowasion dil öwrediş tehnologiýalary işlenip taýýarlanylýar. Ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini dogry we doly özleşdirmäge bagyşlanan okuw meýilnamalary we maksatnamalary yzygiderli kämilleşdirilýär. Şonuň ýaly-da, daşary ýurtlardan professor-mugallymlary çagyrmak, institutyň mugallymlaryny we talyplaryny hünär kämilleşdiriş okuwlaryna ibermek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagynda ösüşleriň özeni hasaplanýan ylym-bilim möhüm orny eýeleýär. Eziz Diýarymyzda bilim ulgamyny dünýädäki ösen tejribelerden ugur alyp kämilleşdirmäge gönükdirilen tutumly işler barha öňe ilerleýär. Netijede, ýaş nesillerimiziň dünýä dillerini içgin öwrenmeklerini, ylmyň we tehnologiýanyň gazananlaryny oňat özleşdirmeklerini gazanmakda, sanly bilim ulgamyna geçmekde düýpli öňegidişlikler gazanylýar.
Häzirki zamanyň ösen tehnologik mümkinçilikleriniň ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylmagy üçin hormatly Prezidentimiz taýsyz tagallalary edýär. Halkara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin ýaş nesliň dünýä dillerini öwrenmegi örän zerurdyr. Çünki döwür bilen aýakdaş gitmek üçin dilleri bilmek örän derwaýys bolup durýar. Şoňa görä-de, bilim edaralarynyň maddy binýady halkara ülňülerine laýyk getirilýär. Ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berilýän bilim ojaklarynyň ählisine ösen tehnologiýaly okuw serişdeleri ornaşdyrylýar.
Konsepsiýanyň düzgünleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde dürli ýaşdaky raýatlarymyzyň ýaşaýan we okaýan ýerlerine garamazdan, halkara standartlarynyň häzirki zaman talaplarynyň derejesinde ýokary hilli bilim almak üçin giň mümkinçilikler döredildi. Çünki sanly ulgama uýgunlaşan ösen şahsyýetiň kemala gelmegini gazanmak döwrüň öňe çykaran möhüm talaby bolup durýar.
Dilleri öwrenmekde häzirki zaman tehnologiýalarynyň ähmiýeti örän uludyr. Tehnologiýalar okuwçylara we talyplara dünýäniň ähli künjeginde okamaga, okaýanlaryň ählisine bir wagtda umumy sapaklaryň berilmegine, amaly ýumuşlaryň tabşyrylmagyna mümkinçilik berýär.
Ýaş nesliň, ilkinji nobatda, öz ene dilinde düşnükli gürläp hem-de dürs ýazuw kadalaryny bilmekleri, şol sanda iňlis, rus we beýleki dilleri, kompýuter tehnologiýalaryny öwrenmekleri, türkmen we dünýä edebiýaty bilen tanyşmaklary olaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerine oňyn täsir edýär. Ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerine ugrukdyrmak işleri häzirki zaman mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanylyp alnyp barylýar. Çagalar baglarynda, orta we ýokary okuw mekdeplerinde beden terbiýesi bilen bagly işleri netijeli guramaga aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaşlaryň boş wagtlaryny şadyýan, mazmunly hem-de peýdaly geçirmekleri, olaryň ynsan saglygyna zyýanly endiklerden daşda bolmaklaryna ýardam edýär.
Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlar babatda döwlet derejesinde uly aladalary edýändigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.
Kümüşgözel ÇOLUKOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.