Ýurdumyzda ýaşlar barada alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasynda ýaş nesil hakynda uly aladalar edilýär. Ýaşlar ýurdumyzyň geljegidir.
Ak mermerli Aşgabatda we ýurdumyzyň beýleki şäherlerinde, şäherçelerinde gurlan we gurulýan çagalar baglary, mekdepler, medeni dynç alyş merkezleri gadymy türkmen topragynda bagtyýarlygyň rowaçlanýandygyny alamatlandyrýar. Ýurdumyz çagalaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň, ýaş nesiller hakyndaky aladanyň öňe sürülmegi babatda BMG-niň umumy ýörelgelerine we esaslaryna ygrarly bolup durýar. Ata Watanymyzda çagalar üçin ähli amatly şertleriň döredilmegi abadan we gülläp ösýän jemgyýetiň esasy ýörelgesi bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň gülläp ösmeginde aýratyn orny bolan her bir maşgala, ýaş nesli döwrebap terbiýelemekde maşgala terbiýesine uly ornuň degişlidigini yzygiderli nygtaýar.
Türkmen halky hemişe özüniň halallyk, ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak, geçirimlilik, birek-birege ynam, ýagşylyk etmek ýaly ajaýyp endikleri, paýhasy bilen tanalypdyr. Bu häsiýetler nesilden-nesle geçip, türkmeniň milliliginde saklanypdyr. Şeýle ýagşy gylyk-häsiýetler, edim-gylymlar häzirki wagtda has-da dabaralanýar hem-de giň gerime eýe bolýar. Halkymyza mahsus bolan gylyk-häsiýetler maşgala agzalarynyň biri-biri bilen özara gatnaşygynda, ulynyň kiçä öwretmeginde ýüze çykmak bilen nesilme-nesil dowam edýär.
Çagalara ata-enäniň we döwletiň ynamdar hossarlarydygyny düşündirmek biziň borjumyz bolup durýar. Ata-enedir döwlet hossary bolan perzendiň özüni bagtyýar duýjagy ikuçsuzdyr. Olara ýaşkiçilik edebiniň şertlerini berjaý etmegini öwran-öwran ündemeli. Ýaşkiçilik edebi bolsa ulyny ykrar etmekden başlanýar.
Mundan başga-da, biziň özümizi medeniýetli alyp barmagymyz diňe bir öz çagalarymyzyň terbiýesinde däl-de, eýsem, beýleki çagalaryň terbiýesinde hem uly orun eýeleýär. Şonuň üçin uly adamlaryň her bir ädimde oýlanyşykly hereket etmegi zerur bolup durýar. Sebäbi çagalaryň we ýetginjekleriň bar ýerinde ýaramaz hereketleriň edilmegi, ýaramaz sözleriň aýdylmagy jemgyýetimiz üçin soňundan düzetmesi kyn bolan ýagdaýlara getirýär. Ýüze çykýan düzgün bozulmalar bolsa şeýle ýalňyş ädimleriň ädilmeginden başlaýar.
Elbetde, hiç bir ata-ene çagasyna terbiýe bereninde säwlige ýol bermek islemeýär, emma ata-ene hem käte perzent terbiýesinde goýberen hatasyna haçan-da perzendi ters hereketleri bilen ynamyny ödemedik ýagdaýynda göz ýetirýär. Şeýle ýagdaýda çaganyň hem ýalňyşan ýeri bolar, beýle säwlikde ata-enäniň çaga temmi bermek meselesinde seresaply çemeleşmegi hökmanydyr.
«Maşgalam – baş galam», «Maşgalada agzybirlik bolsa, hazyna gerek däl» diýlişi ýaly, maşgala agzalary bilen ýakyn gatnaşyk saklamak, wagtly-wagtynda olar bilen habarlaşyp durmak halkymyzyň gadymdan gelýän ýörelgeleriniň biridir.
Mähriban ata-eneler, pederlerimiziň her bir dana sözlerini durmuşymyza şamçyrag, gursagymyza nagyş edip, nusgalyk ata-ene bolmaga çalyşsak çagalarymyz hem dürs ýoldan gitse gerek.
Maşgala halkymyzyň ýaşaýyş durmuşynyň her döwründe-de ýaş nesli terbiýelemegiň esasy ojagy bolupdyr. Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň sagdyn, bagtyýar, hormatly Prezidentimize, Watanymyza wepaly, döwrüň mynasyp şahsyýetleri bolup ýetişmekleri üçin maşgalada we jemgyýetde ähli şertler döredilýär.
Biz – içeri işler edaralarynyň işgärleri, ýurdumyzda jemgyýet howpsuzlygyny gorap saklamakda, sagdyn durmuş ýörelgesi syýasatyny wagyz etmekde ähli tagallalary birleşdirip, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza, mähriban halkymyza, hormatly Prezidentimize ak ýürekden, halal gulluk ederis. Işlemäge, ýaşamaga ähli mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Täşlimolla ALLAMYRADOW,
Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Gökdepe etrabynyň Polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýerli wekiller bölüminiň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça bölüminiň müdiri, polisiýanyň maýory.