Mundan ozal Russiýanyň, Türkiýäniň, Belarusyň tomaşaçylarynyň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolan «Gyzyl kürte» çeper filmi Gazagystanda hem görkeziler.

Şu günler Almaty şäherinde “Bastau” kinofestiwaly geçirilýär. Şol festiwalyň Merkezi Aziýa bölüminde Türkmenistanyň filmlerine hem orun berildi.  Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan surata düşürilen «Gyzyl kürte» filmi hem görkeziler.

2-nji dekabrda türkmen režissýory Sahysalyh Baýramowyň ýolbaşçylygynda surata düşürilen «Gyzyl kürte» filmi gazak kino tomaşaçylaryň dykgatyna ýetiriler.

«Gyzyl kürte» çeper filmi türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda düşürilipdir. Durmuşdan alnan bu hekaýatda ýanýoldaşy urşa giden oba gyzynyň ykbaly hakynda gürrüň berilýär. Hatlarynyň birinde esger ýigit gelninden gyzyl kürtesini – milli bezegler bilen bezelen toý lybasyny aýyrmazlygy haýyş edýär.

Türkmenistanly kinosöýüjiler Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» döredijilik birleşiginde döredilen täze filme baha berip ýetişdiler.