Şweýsariýada Walais şeherinde «Nant de Drance» atly energiýa saklaýyş taslamasy durmuşa geçirildi. Ýerli dilde «suw batareýasy» diýmegi aňladýan bu taslama 400 müňden gowrak awtoulag batareýasynyň güýjüni özünde saklap bilýär. Bu ulgam Şweýsariýanyň daglarynyň arasynda ýerleşip, agyrlyk güýji arkaly işleýär. Desganyň çäginde iki suw howdany bolup, olaryň biri beýlekisinden has beýikde ýerleşýär. Howdanlar 17 kilometrlik tunnel ulgamy arkaly baglanyşyp, elektrik togy aşa köp bolanda aşaky suw howdany ýokarky howdana artykmaç energiýany iberýär. Elektrik energiýasyny öndürmek üçin suwdan peýdalanylyp, güýçli suw akymy 6 sany uly turbinadan geçýär we yzyna elektrik energiýasyny iberýär.
Ulgam gaty ýönekeý bolsa-da, bu taslamany durmuşa geçirmek üçin 14 ýyl gerek bolupdyr. Dünýäde täzeden dikeldilýän energiýa çeşmelerini saklamak gaty möhüm bolup, suw batareýasy bu ugurdaky ilkinji çemeleşmeleriň biridir. «Nant de Drance» ýeriň astyndadygy sebäpli, tebigy gurşawa zyýansyz hasaplanýar. Bu ulgam Ýewropada energiýa üpjünçiligini sazlaşykly alyp barmaga ýardam eder. Işläp düzüjiler suw batareýasynda 2030-njy ýyla çenli häzirki güýjünden dört esse köp energiýa saklamagy maksat edinýärler.