“Pantone” reňk instituty (Pantone Color Institute) her ýyl bolşy ýaly, geljek ýylyň reňkini hem saýlady. Institut her ýylyň dekabrynda geljek ýylyň moda reňklerini kesgitleýär. Täze ýylyň reňkiniň ady – “Viva Magenta”.
Institut “Viva Magenta” reňkini “kökleri gyzyl maşgaladan gelýän we täze güýjüň alamatynyň aňlatmasy bolan kölege, batyrgaý we gorkmazak, joşgunly şadyýan we optimist gutlamagy höweslendirýän, täze gürrüň ýazýan, yrgyldaýan reňk” diýip kesgitleýär.
Institut geçen ýyl “Very Peri” reňkini saýlapdy.