“App­le” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ön­dü­ren il­kin­ji komp­ýu­te­ri bo­lan “App­le-1” auk­si­on ar­ka­ly sa­tu­wa çy­ka­ry­lar. Bu komp­ýu­ter­den hä­zi­re çen­li 20 sa­ny­sy­nyň sak­la­nyp ga­lan­dy­gy bel­le­nil­ýär. Ge­çen ýyl peý­da bo­lan “App­le-1” komp­ýu­ter­le­ri­niň bir­nä­çe­si auk­si­on ar­ka­ly sa­ty­lyp­dy. En­tä­gem iş­le­ýän “App­le-1” komp­ýu­ter­le­ri­niň bi­ri 340 müň dol­la­ra, ýe­ne bi­ri 905 müň dol­la­ra sa­ty­lyp­dy.
1970-nji ýyl­la­ryň ahy­ryn­da Stiw Jobs hem-de Stiw Woz­ni­ak ta­ra­pyn­dan ba­ry-ýo­gy 200 sa­ny­sy ön­dü­ri­len “App­le-1” komp­ýu­ter­le­riň bö­lek­le­ri el bi­len ýyg­na­lyp­dyr. Şol se­bäp­li bu en­jam­la­ra has ýo­ka­ry ba­ha be­ril­ýär. Tä­ze auk­sio­na çy­ka­ryl­jak komp­ýu­ter­de bol­sa Stiw Job­suň eli bi­len ýa­zan “#78” bel­gi­si­niň bol­ma­gy onuň gym­ma­ty­ny art­dyr­ýar. Adat­ça, elekt­ron en­jam­lar el bi­len bir­leş­di­ri­len­de bö­lek­le­riň ýü­zü­ne kä­bir bel­lik­ler edil­ýär. Soň­ra bol­sa, olar öçü­ril­ýär.
RR auk­si­on öýi ta­ra­pyn­dan sa­tu­wa çy­ka­ryl­jak komp­ýu­te­riň se­kiz sa­gat bök­denç­siz iş­län­di­gi mä­lim edil­di. Bu komp­ýu­ter 2018-nji ýyl­da RR auk­si­on öýi ta­ra­pyn­dan ady mä­lim edil­me­dik aly­ja 375 müň dol­la­ra sa­ty­lyp­dyr. In­di bol­sa, gaý­ta­dan sa­tu­wa çy­ka­ryl­dy. 16-njy de­kabr­da ta­mam­lan­jak söw­da­da en­ja­myň 1 mil­li­on dol­lar­dan gym­ma­da sa­tyl­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.