“Airwheel” atly torba adamyň diňe goş-golamlaryny däl, eýsem özüni hem äkidýär. Bu täsin çemedan entek satuwa çykarylmady, ýöne önümçiligi guramak üçin serişdeleri toplamak üçin “Kickstarter” arkaly kampaniýasy başlandy. Torba güýçli batareýa, diametr 10 sm  bolan tigirçek we rul bilen enjamlaşdyrylandyr. Şeýle-de onuň agramy 130 kilograma çenli ýük göterip bilýändigi, sagatda 10 km çenli tizlik bilen hereket edýändigi mälim edildi. “Ýöreýän” çemedanyň bir gezekki zarýady bilen 1 sagat ýol geçip bilýändigi mälim edildi. Torbanyň alýumin korpusynda zarýad bermek üçin iki sany USB porty bar. Agramy 7,5 kilograma barabar bolan çemedan ähli howpsuzlyk standartlaryna laýyk gelýär. Torbanyň ýokarysynda goş goýmak üçin ýer bar. Çemedanyň geljek ýylyň fewralynda müşderilere ýetirilip başlanjakdygy, bahasynyň 459 dollar boljakdygy mälim edildi.

Nurmuhammet Annaberdiyew, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.