2022-nji ýylyň 27-nji noýabryndan 1-nji dekabry aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi (UNODC) bilen Bütindünýä gümrük guramasynyň arasyndaky «Konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek boýunça» Ählumumy maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Lebap welaýat gümrükhanasynyň Farap awtoýol gözegçilik-geçiriş ýerindäki «Farap awtoýollary» gümrük nokadynyň we Özbegistan Respublikasynyň «Alat» gümrük nokadynyň port gözegçilik toparlary üçin bilelikdäki amaly okuw çäresi geçirildi. Şeýle bilelikdäki amaly çäre sebitde ilkinji gezek geçirilýär.
Çärä, «Konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek boýunça» Ählumumy maksatnamanyň çäklerinde «Farap awtoýollary» (Türkmenistan) we «Alat» (Özbegistan Respublikasy) gümrük nokatlarynda döredilen Port gözegçilik toparlarynyň agzalary gatnaşyp, olar bikanun haryt dolanyşygyna garşy görülýän çäreler, töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamyndan peýdalanylyşy ýaly mowzuklar boýunça özara tejribe alyşdylar. Gümrük nokatlarynda işiň guralyşy, ol ýerde ornaşdyrylan rentgen-telewizion enjamlarynyň işi bilen ýakyndan tanyşdylar.
Şeýle-de, çäräniň barşynda töwekgelçiligi ýokary bolan harytlar babatda özara maglumat alyşmagyň meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Okuw çäresini alyp baran Bütindünýä gümrük guramasynyň halkara bilermeniniň bellemeпine görä, şeýle bilelikdäki çäreler taraplaryň gümrük edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şol bir wagtda gümrük serhedinden bikanun haryt dolanyşygynyň öňüni almakda ähmiýetlidir.
Bu barada Türkmenistanyň döwlet gümrük gullugynyň resmi internet sahypasynda habar berilýär.