Oks­ford uni­wer­si­te­ti 340 müň­den gow­rak ada­myň ses ber­me­gin­de 2022-nji ýy­lyň adal­ga­sy­ny saý­la­dy. Adal­ga dil­çi­ler ta­ra­pyn­dan gys­gal­dy­lan üç söz­den ýa-da söz dü­zü­min­den saý­lan­ýar. Ýy­lyň adal­ga­sy hök­mün­de “Gob­lin mo­dy” saý­lan­dy. Bu söz jem­gy­ýe­tiň özün­den ga­raş­ýan za­dy­ny red ed­ýän, ötünç so­ra­ma­ýan, özü­ni go­wy gör­ýän adam­la­ry aň­lat­mak üçin ula­nyl­ýar. Bu adal­ga 318 müň 956 ses alyp­dyr. Ikin­ji söz “Me­ta­wers”, üçün­ji­si “I Stand With” (Men ýa­nyn­da/ta­ra­pyn­da) adal­ga­sy saý­lan­dy.
Oks­ford Dil bö­lü­mi­niň baş­ly­gy Kas­per Grat­wol özü­niň we iş­deş­le­ri­niň köp­çü­li­giň bu işe gat­naş­ma­gy­nyň ola­ry şat­lan­dyr­ýan­dy­gy­ny umyt ed­ýän­dik­le­ri­ni aýt­dy. Grat­wol ta­mam­la­nyp bar­ýan ýyl­da baş­dan ge­çi­ren­le­ri­miz göz öňün­de tu­tu­lan­da, bu adal­ga­nyň hem­mä­ni bi­parh goý­ma­ýan­dy­gy­ny mä­lim et­di.
Oks­ford uni­wer­si­te­ti bu adal­ga­nyň ula­ny­ly­şy­nyň köp ýurt­da ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da ar­tan­dy­gy­ny aýan et­di.
Bu adal­ga il­kin­ji ge­zek 2009-njy ýyl­da “Twit­ter”-da peý­da bo­lup­dyr.