Ýewraziýa halklarynyň Assambleýasy Ýewraziýa ÝUNESKO-syny esaslandyrmak başlangyjyny öňe sürdi. Ol ilki bilen medeni hem-de tebigy gymmatlyklary hasaba almak bilen meşgullanar. Bu barada Assambleýanyň Baş sekretary Andreý Belýaninow mälim etdi.
Baş sekretaryň sözlerine görä, bu başlangyç Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak boýunça Konwensiýanyň 50 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyň çäklerinde ÝUNESKO-nyň işini mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen öňe sürüldi. Şunda medeni gymmatlyklar maddy we ruhy gymmatlyklar diýlen iki ugra bölünmek bilen, olaryň soňkulary has çalt unudylýar diýip, Andreý Belýaninow belledi.
5-nji dekabrda Kazan şäherinde işine başlan Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak boýunça Konwensiýanyň 50 ýyllygyna bagyşlanan halkara forum 8-nji dekabra çenli dowam eder. Bu çärä bütindünýä mirasy boýunça öňdebaryjy daşary ýurtly hem-de russiýaly bilermenler, şeýle hem bütindünýä mirasynyň ýadygärliklerini dolandyrýan ylmy jemgyýetçilikleriň wekilleri, medeniýet, daşky gurşaw, bilim ulgamlary boýunça hünärmenler hem-de beýlekiler gatnaşýarlar.
2017-nji ýylyň 27-nji maýynda Moskwada, Ýewraziýa halklarynyň Assambleýasynyň birinji gurultaýynda “Ýewraziýa halklarynyň Assambleýasy” atly hökümete degişli bolmadyk halkara guramalar bileleşigi döredildi. Guramanyň esasy maksady köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy we jemgyýetçilik diplomatiýasyny ösdürmek arkaly parahatçylygy we ylalaşygy ýola goýmak üçin sosial integrasiýa modeliniň emele getirmekden ybaratdyr.