Wodorod ýangyjy bilen işleýän kaşaň awtoulaglary öndürýän “Hyperion” amerikan kompaniýasy ýangyç guýujy beketler toplumyny açar. Islendik ýere göçürip bolýan bu beketlerde diňe diňe wodorod ýangyjy däl, eýsem, elektroulaglara zarýad bermek üçin hem mümkinçilik dörediler. Maglumatlara görä, ABŞ-da 72 müň 296 ýangyç guýujy beket bolup, olaryň diňe 107 sanysy wodorod ýangyç guýmaga niýetlenen. Wodorod ýangyjyny guýujy beketler diňe Kaliforniýada we Gawaýide bar. Beýleki ýurtlara seredilende, Awstraliýada üç, Ýaponiýada we Günorta Koreýada degişlilikde 166 we 34 beket bar. Bilermenleriň çaklamalaryna görä, adaty ýangyç görnüşli ulaglaryň aradan aýrylmagyna diňe elektrik energiýasy bilen işleýän däl, eýsem wodorod ýangyçly ulaglar hem goşant goşar. “Hyperion” giperkary bir gezek doldurylanda 1600 km ýol geçip bilýär. Bu kompaniýanyň gurjak beketlerindäki suwuk wodorod suw hem-de elektrik energiýasyny ulanmak arkaly hut şol ýerde öndüriler. Mobil beketdäki elektroulaglara zarýad berýän ulgam bolsa, bary-ýogy 20 minutda 80% zarýad bermäge mümkinçilik berer. Wodorod bilen ýangyç guýmak üçin bolsa, 5 minut töweregi wagt ýeterlik bolar. Şeýle beketleriň tory eýýäm geljek ýyldan başlap döredilip başlanar. Bu beketleriň adaty ýangyç beketleriniň, uly supermarketleriň we köp ulagly beýleki ýerleriň golaýynda goýulmagy maksat edinilýär. Kompaniýanyň wekilleri şeýle edilende töwekgelçiligiň az boljakdygyny hem-de az çykdajy ediljekdigini belleýär.