Ýaponiýanyň “Toyota” kompaniýasy “GR Corolla” modelindäki iş göwrümi 1,6 litr bolan üç silindirli turbo motoryň wodorod ýangyçly görnüşlisi oturdylan “Corolla Cross H2” ulagyny tanyşdyrdy. Ulagyň gyş paslyndaky testlerine ýakynda Ýaponiýada başlanar. Ýapon brendi dünýäde ilkinji bolup, “Mirai” atly wodorod ýangyçly ulagyny satuwa çykarypdy. Bäsdeşlerinden ir başlansoň kompaniýanyň wodorod tehnologiýasyndaky tejribesi has köp. “Mirai” wodorody elektrik energiýasyna öwürýän tehnologiýa bilen işleýär. Täze nusgalyk ulagda bolsa, wodorod edil benzin ýaly ýangyç hökmünde ulanylýar. Täze tehnolOgiýa bilen üpjün edilen ulagyň satuwa taýýar görnüşiniň haçan peýda boljakdygy mälim edilmedi.