Katar 2022-de 1/8 finalyň soňky duşuşygynda taryhy netije hasaba alyndy. “Lusail Iconic” stadionynda oýnalan duşuşykda Portugaliýanyň ýygyndysy Şweýsariýany 6-1 hasabynda utdy. Kristiano Ronaldonyň ätiýaçdan oýna giren duşuşygynda onuň ornuna oýnan we ilkinji gezek esasy düzümde çykyş eden 21 ýaşyndaky Gonsalo Ramoş het-trik etdi. Ol 17-nji, 51-nji we 67-nji minutlarda tapawutlanyp, şu çempionatyň çäginde het-trik eden ilkinji futbolçy boldy. Portugaliýanyň beýleki gollaryny 33-nji minutda Pepe, 55-nji minutda Rafael Gerreýro hem-de 90+2-nji Leao geçirdi. Şweýsariýanyň ýeke-täk goluny bolsa 58-nji minutda Akanži öz adyna ýazdyrdy. Duşuşykda Portugaliýanyň 2-nji goluny geçiren Pepe pleý-off oýunlarynda tapawutlanan iň ýaşuly futbolçy boldy. Ol umumylykda-da Rojer Milladan soň Dünýä Kubogynda gol geçiren 2-nji iň ýaşuly futbolçy hökmünde hasaba alyndy. Kristiano Ronaldo bolsa 2008-nji ýylda ýene bir Şweýsariýa duşuşygyndan soň ilkinji gezek uly ýaryşlarda ätiýaçdan oýna girdi. Portugaliýanyň ýygyndysy 8-nji gezek gatnaşýan ýaryşynda 3-nji sapar çärýek finala çykdy. Soňky gezek 1954-nji ýylda çärýek finala çykan Şweýsariýa nobatdaky synanyşygy üçin azyndan ýene-de 4 ýyl garaşmaly bolar.
Portugaliýanyň ýygyndysy çärýek finalda Marokko bilen duşuşar.