Şu ýylyň oktýabr aýynda Russiýanyň «RŽD Logistika» ulag kompaniýasy «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy arkaly Türkmenistanyň üsti bilen ilkinji yzygiderli konteýner otlusyny işe girizdi.

Häzirki wagtda otly bu ugurdan aýda bir gezek geçýär. Kompaniýa geljek ýyldan başlap, «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesinden geçýän yzygiderli konteýner otlularynyň sanyny aýda 17 otla çenli köpeltmegi meýilleşdirýär. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky söwda wekili Aleksandr Elizarowyň sözlerine salgylanyp, «TASS» habar berdi.

Çehowdan (Russiýa Federasiýasy) ugran ilkinji konteýner otlusy Gazagystanyň çäginden geçip, Türkmenistandaky Sarahs stansiýasyna geldi. Bu ýerde konteýnerler demir ýol relsiniň aralygy 1520 mm ölçegliden 1435 mm ölçegli bolanlar bilen çalşylyp, Eýranyň çägi bilen «Bandar Abbas» portuna iberildi. Ondan aňry bellenilen ýere deňiz arkaly barmaly bolar.

—Geljegi uly bu ugur has arzan hem-de çalt. 31 konteýnerli ilkinji otlyny biz «RŽD» paýdarlar jemgyýetiniň we «RŽD Logistika» kompaniýasynyň işgärleri bilen bilelikde şu ýylyň noýabr aýynyň başynda Eýran bilen serhetdäki Sarahsda dabaraly ýagdaýda garşyladyk. Aýda, takmynan, 17 otly ugratmak barada wezipe öňde goýuldy we ol ýerine ýetiriler. Dekabr aýynda biz ýene bir otla garaşýarys. Emma indiki ýyldan başlap, aýda 17 otlynyň mümkinçiligini durmuşa geçirmäge başlarys – diýip, Aleksandr Elizarow belleýär.

Onuň sözlerine görä, rus ýük ugradyjylary eýýäm Türkmenistanyň üsti bilen köp mukdarda ýük daşamak ýüztutmasyny ugradypdyrlar.

«Orta möhlet bilen, biz ony (ýüküň möçberini) 5 million tonna, uzak möhletde bolsa, rus we türkmen hünärmenleriniň çaklamalaryna görä, 25 million tonna çenli ýetirmegi meýilleşdirýäris. Türkmenistanyň üstaşyr mümkinçiligi iňňän uly» diýip, söwda wekili nygtaýar.