7-nji dekabrda Şweýsariýanyň parlamenti Sosialistik partiýanyň agzasy we döwletiň öňki lideri Alen Berseni ýurduň täze Prezidenti wezipesine saýlady. Bellenilişi ýaly, ses berişlik federal ýygnagyň web sahypasynda onlaýn ýagdaýda geçirildi. Berse 140 deputatyň we senatoryň goldawyna eýe boldy. Şol bir wagtyň özünde, bu wezipä saýlanmak üçin 91 ses zerur hasap edildi.

Berse Prezident Inýasio Kassisanyň ornuna geçer. Syýasatçy dört ýyl ozal Prezidentiň wezipesini ýerine ýetiripdi. Şweýsariýada döwlet lideri parlamentde ses bermek arkaly saýlanýar. Kanuna görä, Prezident bir ýyldan köp işlemeýär. Mundan başga-da, Şweýsariýanyň raýatlygy bolmaly we Kabinetde araçy hökmünde çykyş etmeli.

Alen Berse 1972-nji ýylyň 9-njy aprelinde Şweýsariýanyň Fribur şäherinde dünýä indi. Şweýsariýaly syýasatçy Sosial-demokratik partiýasynyň agzasydyr. Ol 2012-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Şweýsariýanyň Federal Geňeşiniň agzasy we içeri işler ministri bolup işledi. 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 31-nji dekabry aralygynda Şweýsariýanyň Prezidenti. 2022-nji ýylda Şweýsariýanyň wise-prezidenti saýlandy. Ondan öň bu wezipäni 2017-nji ýylda alyp bardy.