ABŞ-nyň Kongresiniň Ýokarky palatasyna geçirilen saýlawlaryň ikinji tapgyrynda demokrat-senator Rafael Wornok ýeňiş gazandy. Bu barada “Politico” neşiri habar berdi.

Çeşmäniň habaryna görä, Wornok sesleriň 96%-i sanalandan soň saýlawçylaryň 50,8%-iniň goldawyna eýe boldy. Respublikan partiýanyň wekili bolan bäsdeşi Herşel Wolker bolsa, 49% sese eýe boldy.

Jorjiýa noýabr aýynda geçirilen parlament saýlawlarynda hiç bir dalaşgäriň 50%-den gowrak ses alyp bilmedik ýeke-täk ştaty boldy. Netijede ikinji tapgyr geçirildi. Nobatdan daşary ses berişlik geçen hepde başlandy. Oňa 1,86 million adam gatnaşdy, ýa-da jorjiýaly saýlawçylaryň 27%-i gatnaşdy. Wornokyň ýeňşi demokratlar üçin Senatyň 51 ornuny üpjün eder.

Mundan öň ABŞ-nyň 45-nji Prezidenti Donald Trampyň öňki milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi Jon Bolton 2024-nji ýylda geçiriljek Prezident saýlawlarynda öz dalaşgärligini hödürlemeginiň mümkindigini aýtdy.