Azerbaýjan Respublikasynyň deňiz ulaglary flotuna degişli bolan «Huseýn Jawid» gury ýük gämisi düýpli abatlanandan soňra ilkinji gatnawyny Türkmenistana amala aşyrýar. Bejeriş işleri tamamlanandan soň, gämi degişli barlaglardan üstünlikli geçdi we işe girizildi. Ýük gämisiniň uzynlygy 108,33 metre, ini 16,74 metre, ýük göterijilik ukyby 5200 tonna deňdir. Gäminiň hereketlendirijilerini, mehanizmlerini, nasoslaryny abatlamak işleri «Zyh» gämi abatlaýyş kärhanasynda geçirildi. Abatlaýyş işleriniň hatarynda ýük gämisinde gurnama, radionawigasiýa we kebşirlemek işleri geçirildi. Gäminiň suwuň aşagynda we ýokarsydna galýan bölekleri abraziw gum bilen doly arassalandy hem-de reňklendi, ýaşaýyş we hyzmat ediş otaglary häzirki zaman talaplaryna laýyklykda gaýtadan işlenildi. “Azerbaijan Caspian Shipping” (ASCO) kompaniýasyna degişli bolan gäminiň ýüküniň karbamiddigi mälim edildi.
Esasy Dünýä täzelikleri Azerbaýjanyň ýük gämisi abatlanandan soňra ilkinji gatnawyny Türkmenistana amala aşyrýar