BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky Kararnamasy bilen ykrar edilen we BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Kararnamasy bilen tassyklanan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň daşary syýasatynyň, köptaraplaýyn özara hereketleri giňeltmek boýunça çemeleşmeleriň esasy bolup çykyş edýär. Şu ýyl Türkmenistanyň baky Bitaraplygyna 27 ýyl dolýar.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen düşünişmezlikleriň öňüni almak hem-de sebäplerini we netijelerini aradan aýyrmak babatda Bitaraplygyň ýörelgelerini iş ýüzünde ulanmak boýunça köptaraplaýyn gepleşikleri dowam etdirmek maksady bilen, häzirki wagtda guramanyň agza döwletleriniň goldawy bilen BMG-niň meýdançasynda Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary topary döredildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde bu toparyň nobatdaky duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 27 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda geçirilen duşuşyga ýurdumyzdaky daşary ýurt diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri we beýleki myhmanlar gatnaşdy.

Duşuşyga Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary, şol bir wagtda BMG-niň Baş Sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň baştutany Natalýa German hem-de BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistanda hemişelik wekili hanym Narine Saakýan hem gatnaşdy.

Duşuşykda edilen çykyşlarda dünýäde dowam edýän çylşyrymly döwürde türkmen Bitaraplygynyň, umuman bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetiniň möhüm orun eýeleýändigi bellenildi. Çykyşlarda türkmen Bitaraplygynyň dünýäde we sebitde durnuklylygyň we howpsuzlygyň kepili bolup durýandygy nygtaldy.

Duşuşykda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew, BMG-niň Baş Sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň baştutany Natalýa German, Özbegistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Gairat Fazilow, Azerbaýjanyň daşary işler ministriniň orunbasary Halaf Halafow, Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary Reza Najafin, Täjigistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Muzaffar Husseinzoda, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik wekili Dmitriý Şlapaçenko, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistanda hemişelik wekili hanym Narine Saakýan we daşary ýurtly ilçiler çykyş etdiler.