Bel­gi­ýa­nyň paý­tag­ty Brýus­se­liň şä­her mer­ke­zin­dä­ki «Grand Pa­lace» meý­dan­ça­syn­da her ýyl Rož­dest­wo we Tä­ze ýyl baý­ram­çy­lyk­la­ry­ üçin ýö­ri­te ba­zar gu­ral­ýar. Bu ba­zar­lar­da ja­han­keş­de­ler üçin, esa­san hem, el­de ýa­sa­lan, ti­ki­len ha­ryt­lar sa­tu­wa çy­ka­ryl­ýar. Ga­ly­ber­se-de, ba­za­ryň çä­gin­dä­ki buz meý­dan­ça­sy, dür­li yşyk­lar bi­len be­ze­len ge­ze­lenç ýo­da­la­ry, äpet ar­ça aga­jy, ýö­ri­te gu­ral­ýan kon­sert­ler bu ýe­re ge­len­le­ri özü­ne ma­ýyl ed­ýär. Bel­gi­ýa­nyň dün­ýä bel­li «waff­le» kö­ke­le­ri, şo­ko­lad önüm­le­ri ba­za­ra gel­ýän­le­riň iň köp sa­tyn al­ýan ha­ryt­la­ry­dyr. Brýus­sel­dä­ki baý­ram­çy­lyk ba­za­ry­nyň ýe­ne bir aý­ra­tyn­ly­gy-da, her ýyl Ýew­ro­pa­nyň bir şä­he­ri «myh­man şä­her» hök­mün­de saý­lan­ýar. Şol myh­man şä­he­riň ýa­şaý­jy­la­ry Brýus­se­le ba­ryp, öz­le­ri­niň me­de­ni­ýe­ti­ni, däp-des­sur­la­ry­ny, ta­ry­hy aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny «Grand Pa­lace» meý­da­ny­na ýyg­na­nan­la­ra gör­kez­ýär­ler.
Da­ni­ýa­nyň paý­tag­ty Ko­pen­ga­ge­niň ta­ry­hy ýer­le­ri­niň bi­ri bo­lan «Ti­wo­li» se­ýil­gäh­ler top­lu­my di­ňe bir Tä­ze ýy­lyň bo­sa­ga­syn­da däl, eý­sem, tu­tuş ýy­lyň do­wa­myn­da-da ge­lim-gi­dim­li ýer­le­riň bi­ri bol­ma­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. No­ýabr aýy­nyň 2-nji hep­de­sin­den soň bu se­ýil­gäh­ler top­lu­my Rož­dest­wo we Tä­ze ýyl baý­ram­çy­lyk­la­ry­nyň be­zeg­le­ri bi­len be­ze­lip baş­lan­ýar. Aý­ra­ty­n-da, 7 ki­lo­met­re uzap gid­ýän yşyk­ly be­zeg­ler gö­ren­le­ri haý­ran gal­dyr­ýar. Bu öz­bo­luş­ly ba­za­ryň iň köp is­leg bil­di­ril­ýän ha­ryt­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da ýur­duň iň meş­hur ta­gam­la­ry­nyň bi­ri bo­lan mürepbeli do­nut­la­ry gör­kez­mek bo­lar.
Ger­ma­ni­ýa­nyň is­len­dik şä­he­rin­de-de Rož­dest­wo we Tä­ze ýyl baý­ram­çy­lyk­la­ry­na ba­gyş­la­nan ba­zar­la­ra aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Ýö­ne ola­ryň ara­syn­da iň meş­hu­ry Drez­den­dä­ki baý­ram­çy­lyk ba­za­ry ha­sap­lan­ýar. Se­bä­bi bu ýer­de Sak­so­ni­ýa­nyň iň ök­de zy­nat­çy­la­ry­nyň el hü­nä­rin­den ke­ma­la ge­len sow­gat­lyk ha­ryt­lar, mil­li önüm­ler köp­çü­li­ge hö­dür­len­ýär. 1434-nji ýyl­dan göz­baş al­ýan bu ba­za­ryň köp adam­ly bol­ma­gy­nyň esa­sy se­bäp­le­ri­niň ýe­ne-de bi­ri dört ton­na­lyk mi­we­li kek­siň taý­ýar­lan­ýan­dy­gy­dyr. Drez­de­niň baý­ram­çy­lyk ba­za­ryn­da
200-den gow­rak bi­ri-bi­rin­den owa­dan di­war­lyk­lar bo­lup, ba­za­ryň iň gör­nük­li ýe­rin­de ja­han­keş­de­le­riň ün­sü­ni özü­ne çek­ýän 15 metr­lik «Rož­dest­wo pi­ra­mi­da­sy» gu­rul­ýar.
Çe­hi­ýa­nyň paý­tag­ty Pra­ga­da iki ba­zar has köp ün­si çek­ýär. Ola­ryň bi­ri şä­he­riň ozal­ky mer­ke­zin­dä­ki meý­dan­ça­da, beý­le­ki­si-de Wen­ses­las meý­da­nyn­da ýer­leş­ýär. Kö­ne şä­her meý­da­nyn­da­ky ba­zar or­ta asyr­la­ry ýa­dy­ňa sal­ýar. Bu ýer­dä­ki äh­li zat mun­dan 500-600 ýyl ozal­ky dur­mu­şy jan­lan­dyr­ýar. Beý­le­ki ba­zar­da-da çeh­le­riň dün­ýä bel­li gur­jak­la­ry, Bo­he­mi­ýa hrus­tal­la­ry, el­de ýa­sa­lan tag­ta oý­na­waç­la­ry esa­sy ha­ryt­lar bo­lup, ja­han­keş­de­ler bu önüm­le­re uly is­leg bil­dir­ýär­ler. Kiş­miş­li çö­rek­ler baý­ram­çy­lyk ba­za­ryn­da iň köp sa­tyl­ýan azyk önüm­le­ri­niň bi­ri­dir.
Awst­ri­ýa­nyň iri şä­her­le­ri­niň bi­ri bo­lan Sals­burg­da­ky «Christ­kindl­markt» ba­za­ry XV asyr­dan bä­ri hal­ka hyz­mat edip gel­ýär. Şol dö­wür­de ze­nan­la­ryň el iş­le­ri­niň sa­ty­lyp baş­lan­ma­gyn­dan soň peý­da bo­lan bu ba­za­ryň mer­ke­zin­dä­ki kö­ne ga­la hem onuň gör­kü­ne görk goş­ýar. Tüý­li şyp­byk­lar, ýüň­den do­ka­lan egin-eşik­ler, ga­la­ýy­dan ýa­sa­lan sow­gat­lyk­lar ba­za­ry ta­pa­wut­lan­dyr­ýan ha­ryt­lar bo­lup dur­ýar. Baý­ram­çy­lyk ba­za­ryn­da sa­tyl­ýan zen­je­bil­li çö­rek­le­riň ta­ga­my­na-da ja­han­keş­de­ler ýo­ka­ry ba­ha ber­ýär­ler.