Biziň halkymyz ylymly-bilimli, ökde ýaş hünärmenleri bilen beýik ösüşlere, bagtyýar geljege batly gadam urup bagtyýar geljegi gurýar. Ylym-bilim ähli ösüşleriň özeni, üstünlikleriň göz başy hasaplanýar. Hakykatdan-da häzirki zaman ylymyny ösdürmek, kämilleşdirmek, sanly bilimi ösdürmek ugrunda edilýän tagallalar bagtyýar geljegimiz üçin edilýän uly ädimdir. Ýaşlaryň alýan ylym-bilimlerini doly ýüze çykarmak, ösdürmek, olary durmuşa geçirmek, ýurdumyzda bilimli, ylymly nesli kemala getirmek maksady bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde döwrebap şertler döredilýär.

Biziň talyp ýaşlarymyz hem döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, ýurdumyzda döwlet we halkara derejesinde geçirilýän olimpiada bäsleşiklere gatnaşyp öz zehinlerini, ukyp başarnyklaryny görkezip baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Muňa mysal edip, ýaňy ýakynda geçirilen matematika dersi boýunça onlaýn olimpiada Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplary baýrakly orunlara mynasyp boldular. Institutymyzda ýaşlaryň alýan bilimlerini has-da kämilleşdirmek üçin dürli gurnaklaryň hyzmat edýändigini aýtmak bolar. Mundan başga-da institutymyzyň ýaş zehinli talyp ýaşlary ýurdumyzyň baýry ýokary okuw jaýlarynyň we öz institutymyzyň çäginde geçirilýän dil bäsleşiklerede işjeň gatnaşyp baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Şeýle-de institutymyzda ýaş alymlar gurnagy we innowasiýa merkezi hyzmat edýär. Ol ýerde talyp ýaşlar okuwdan daşary programma dillerini öwrenýärler hem-de 5G internet ulgamyndan peýdalanýarlar.

Biz – talyp ýaşlaryň okamagy, öwrenmegi, döwrebap bilim almagy üçin edýän taýsyz tagallalary üçin hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, umumy döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Aýbölek Handurdyýewa, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.