Şu gün 13-nji dekabrda Dubaýda Ýakyn Gündogarda, ilkinji halkara forumy Skift-Gündogar forumy öz işine başlady. Bu barada Dubaýyň Ykdysadyýet we syýahatçylyk depertamenti habar berdi. Syýahatçylyk pudagynyň ýolbaşçylaryny we döredijilik ýolbaşçylaryny bir ýere jemlejek iki günlik konferensiýa, pandemiýadan soňky döwürde syýahatçylyk pudagynyň innowasiýa babatdaky ösüşini ara alyp maslahatlaşmak üçin platforma döreder. “Skift” forumy dünýäniň dürli künjeklerinden gelen hünärmenleriň çykyş edýän, žurnalistleriň bolsa, batyrgaý temalary orta atýan çäresidir. Mundan başga-da, konferensiýanyň çäklerinde nowatorlar we ýolbaşçylar syýahatçylyk pudagyň we jahankeşdeleriň geljegini çaklamak üçin tagallalaryny birikdirýärler.

Bu gezekki forumda “Emirates” awia kompaniýasynyň müdiri Adnan Kazim; Marokkanyň Syýahatçylyk ministrliginiň ýerine ýetiriji direktory Adel El-Fakir, “Hilton”-yň prezidenti we baş direktory Kristofer Nassetta ýaly köp sanly ýolbaşçylar çykyş ederler.