14-nji dekabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gatnaşmagynda birinji üçtaraplaýyn sammit geçirildi.
Türkmenistan, Azerbaýjan hem-de Türkiýe hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwatyna eýedirler. Olaryň geografik we geosyýasy taýdan amatly ýerleşmekleri bu hyzmatdaşlygy has doly derejede amala aşyrmaga şert döredýär. Şoňa görä-de, türkmen tarapynyň başlangyjy bilen geçirilýän şu gezekki sammit aýratyn ähmiýete eýedir we netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilendir.
Ir bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Awazadaky Kongresler merkezine geldiler.
Bu ýerde sammitiň öňüsyrasynda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki dostlukly döwletiň Baştutanlary bilen duşuşdy.
Şeýle hem bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow forumyň öňüsyrasynda azerbaýjan we türk kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.
Sammitiň resmi banneriniň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, Kongresler merkezinde çäkli düzümde ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewi we Prezident Rejep Taýyp Ärdogany mübärekläp, şu gezekki duşuşygyň şeýle görnüşdäki ilkinji duşuşykdygyny belledi hem-de onuň biziň doganlyk halklarymyzyň we döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze tapgyrynyň binýadyny tutjakdygyna ynam bildirdi.
Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda sammitiň üçtaraplaýyn syýasy-diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmaga, söwda-ykdysady, maýa goýum, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilik berjekdigi nygtaldy.
Şeýle hem üç dostlukly ýurduň halkara düzümleriň çäklerinde, hususan-da, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň we beýleki düzümleriň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň ägirt uly kuwwata eýedigi bellenildi. Şunda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň özara bähbitlere, şeýle hem sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy, abadançylygy we ösüşi üpjün etmegiň maksatlaryna laýyk gelýän hyzmatdaşlygy depginli we hemmetaraplaýyn ösdürmegi maksat edinýändikleri tassyklanyldy.
Mümkinçiliklerimiziň birleşdirilmegi milli ykdysadyýetlerimizi ösdürmäge ýardam eder
Soňra sammit üç ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz üç döwletiň mümkinçilikleriniň birleşdirilmegi, bilelikdäki serişdeleriň, geografik, tehnologik mümkinçilikleriň ulanylmagy diňe bir biziň ýurtlarymyzyň milli ykdysadyýetlerini ösdürmäge güýçli ýardam etmän, eýsem, bütin Ýewraziýa giňişliginde geoykdysady düzümlere täze dörediji many-mazmun we häsiýet hem berer diýip, nygtady. Gürrüň, ozaly bilen, energetika hem-de ulag ýaly strategik ugurlar barada barýar.
Halkara energetika hyzmatdaşlygy ulgamynda Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň sazlaşykly, köp görnüşli ulgamyny döretmek ugrunda çykyş edýärler. Munuň özi köptaraply bähbitleri hasaba almak bilen, bu ulgamlaryň ugurlaryny diwersifikasiýa etmäge, olaryň işlemeginiň anyk we aýdyň ülňülerine esaslanmalydyr. Ygtybarlylyk hem-de howpsuzlyk kepillendirmelerine daýanmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Biz tebigy gazy Türkmenistandan we Azerbaýjandan Türkiýä, soňra bolsa dünýä bazarlaryna ibermekde hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky bilelikdäki başlangyçlarymyza hut şunuň bilen baglylykda seretmelidiris.
Ulag hyzmatdaşlygy beýleki bir örän möhüm ugur bolup durýar. Biz Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda öz ýurtlarymyzyň üstünden geçýän üstaşyr ulag geçelgelerini döretmegiň bilelikdäki strategiýasyna daýanýan üçtaraplaýyn ysnyşykly hyzmatdaşlygyň zerurdygy baradaky pikire goşulýarys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Türkmenistan – Azerbaýjan – Türkiýe täze ulag geçelgesi geljegi uly bolan taslamalaryň birine öwrülip biler. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy şu ugur boýunça ýük daşamaga amatly bolmagy üçin, ýeke-täk logistik merkezi döretmek baradaky meselä seretmegi teklip edýär.
Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, Gündogar – Günbatar ugry boýunça ygtybarly ulag köprüsini döretmekde Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň esasy orny eýelemelidigine ynam bildirdi. Bu ugurdaky bilelikdäki tagallalarymyz köp babatda beýleki halkara hyzmatdaşlar, iri maýa goýujylar bilen ylalaşyklary gazanmaga ukyplydyr.
Şeýle hem halkara giňişlikde ylalaşylan ulag diplomatiýasyny has maksada okgunly alyp barmak zerurdyr. Bu diplomatiýa bolsa ýöriteleşdirilen düzümler bilen işjeň hereketleri göz öňünde tutýar. Hususan-da, gürrüň Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy (ÝYK), bu guramanyň Aziýa we Ýuwaş umman üçin Ykdysady we Durmuş Komissiýasy (ESKATO), Halkara awtomobil ulaglary birleşigi hem-de beýleki düzümler barada barýar.
Söwda, senagat kooperasiýasy ulgamlarynda, beýleki möhüm ugurlarda üçtaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek ýaly düýpli meseleden hem çetde durulmaly däldir.
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, bu ugurda hoşniýetli goňşuçylygyň bilelikdäki gowy tejribesine hem-de däplerine daýanyp, biz hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyza talabalaýyk itergi bermäge ukyplydyrys. Işewür bileleşikleriň arasynda täze gatnaşyklary açmalydyrys we işjeň peýdalanmalydyrys, ýurtlarymyzyň çäklerinde taslamalara bilelikdäki maýa goýumlaryny höweslendirmelidiris.
Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň ykdysady mümkinçiligi doly netije bermegi üçin ulanylmalydyr. Dünýä ösüşiniň häzirki meýillerine we esasy ugurlaryna, ozaly bilen, onuň tehnologik, sanly, ekologik taraplaryna gönükdirilmelidir. Ýurtlarymyzyň arasynda durnukly ykdysady geçelgeleri döretmäge işjeň girişmegiň wagty geldi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sammite gatnaşyjylara ýüzlenip, dünýäde ýönekeý bolmadyk ýagdaýlaryň bolup geçýän häzirki döwründe halklarymyzyň arasyndaky özara düşünişmegi we dostlugy berkitmegiň örän möhümdigini belledi. Şu meselede medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk, döredijilik we ylmy işgärleriň, talyp ýaşlaryň hem-de mekdep okuwçylarynyň, türgenleriň gatnaşyklary aýratyn orny eýelemelidir. Parlamentara hyzmatdaşlyga-da möhüm wezipe degişlidir. Şeýle gatnaşyklary döwlet tarapyndan goldamak geljege goşantdyr. Häzirki döwürde bilelikdäki tagallalarymyz arkaly, şol sanda şu duşuşygyň barşynda emele gelýän däpleriň miras geçmeginiň we dowam etmeginiň berk kepilidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň haryt dolanyşygy bäş esse artdy
Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe söz berdi.
Azerbaýjanyň Baştutany häzirki wagtda taryhy gatnaşyklara daýanýan biziň özara hyzmatdaşlygymyz söwda-ykdysady, ulag-logistika we beýleki ulgamlarda döwletara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine ýardam berýär diýip, şu ýyl Azerbaýjan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň bäş esse artandygyny nygtady.
Belent mertebeli myhmanyň belleýşi ýaly, Azerbaýjan, Türkmenistan we Türkiýe ulag hem-de logistika ulgamlarynda, bu ugurda taslamalary durmuşa geçirmekde uly üstünlikleri gazandylar, munuň özi netijeli hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Azerbaýjan Lideri çykyşynyň ahyrynda şu gezekki üçtaraplaýyn sammitiň ähmiýetini ýene-de bir gezek nygtap, şeýle duşuşyklaryň geljekde hem yzygiderli ýagdaýda geçiriljekdigine hem-de olaryň biziň doganlyk ýurtlarymyzyň arasynda gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam etjekdigine umyt bildirdi.
Üçtaraplaýyn hyzmatdaşlyk pugtalandyrylar
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana söz berdi.
Prezident Rejep Taýyp Ärdogan ýurtlarymyzda bar bolan strategik mümkinçilikleriň esasynda üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi, şol mümkinçilikler umumy bähbitler üçin doly derejede herekete getirilmelidir.
Energetika we ulag ulgamlary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Ulag geçelgelerini ösdürmek we netijeli peýdalanmak boýunça hyzmatdaşlykda ýurtlarymyzyň artykmaçlyklarynyň peýdalanylmagyna uly ähmiýet berilýär. Türk Lideri şeýle hem özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak üçin tagallalary birleşdirmegiň zerurdygy baradaky pikiri beýan etdi.
Türkiýäniň Baştutany türki döwletleriň ýaşlarynyň arasynda ýakyn gatnaşyklaryň höweslendirilmegini hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde görkezdi, munuň özi olaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berer.
Hormatly Prezidentimiz duşuşygyň netijelerini jemläp, belent mertebeli myhmanlara üçtaraplaýyn sammite gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendikleri hem-de many-mazmunly çykyşlary üçin minnetdarlyk bildirdi.
Möhüm resminamalara gol çekildi
Duşuşygyň jemleri boýunça Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitiniň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi, onda üç ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejesi kanagatlanma bilen bellenilýär, geljekde hem köptaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, ählumumy we sebit derejelerinde ynanyşmak hem-de özara düşünişmek ýagdaýyny emele getirmek maksady bilen halkara giňişlikde netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga taýýarlyk beýan edilýär.
Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; 2023 – 2025-nji ýyllar üçin ylym, bilim we medeniýet babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Çarçuwaly maksatnama; Gümrük hyzmatdaşlygy boýunça bilelikdäki konsultatiw topary döretmek barada Türkmenistanyň Hökümetiniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Energetika babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hakynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Energetika ministrliginiň we Türkiýe Respublikasynyň Energetika we tebigy serişdeler ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Ulaglar babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, Azerbaýjan Respublikasynyň Sanly ösüş we ulag ministrliginiň we Türkiýe Respublikasynyň Ulag we infrastruktura ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Sammit tamamlanandan soňra, üç ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edip, duşuşygyň jemleri barada habar berdiler.