Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Awazada bolan üçtaraplaýyn sammitiň dowamynda Türkmenistanyň we Türkiýäniň kompaniýalaryny Hazaryň azerbaýjan kenaryndaky Alýat erkin ykdysady zolagyň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga çagyrdy.
Prezident Ilham Aliýewiň sammitde bellemegine görä, Azerbaýjan Hazar deňzinde iň uly deňiz flotuna eýe bolup, 50-den gowrak ýük gämisi hereket edýär. 2013-nji ýylda işe girizilen Bakuwyň gämi gurluşyk zawodynyň mümkinçilikleri bu ýerde islendik görnüşli gämileri gurmaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda gämigurluşyk zawody doly güýjünde işleýär.
Azerbaýjan Lideriniň bellemegine görä, Bakuwyň Halkara deňiz porty ýylda 15 million tonna ýüki geçirmäge ukyply bolup, bu möçberi ýylda 25 million tonna ýetirmek boýunça serişdeleri bölüp bermek meýilleşdirilýär. Bu portdan ýükleri Gruziýanyň üsti bilen Türkiýä tarap geçirmek üçin 2017-nji ýylda Baku — Tbilisi — Kars demir ýol geçelgesi hem açyldy. Bu demir ýol geçelgesiniň geçirijilik mümkinçiligini artdyrmak üçin hem ýene 100 million dollar gönükdiriler. Şeýlelikde, demir ýol geçelgesiniň ýük geçirijilik mümkinçiligi ýyllyk 1 million tonnadan 5 million tonna çenli ýokarlandyrylar.
Prezident Ilham Aliýewiň bellemegine görä, Azerbaýjan sebitde iň uly raýat awiasiýasyna eýe bolup, 18 sany ýük uçary bar. Geljek 10 ýylyň içinde Azerbaýjanyň ýük awiasiýasynyň sanawyna ýene-de 9 sany ýük uçaryny goşmak göz öňünde tutulýar. Azerbaýjanda jemi 8 sany halkara howa menzili hereket edýär.