Gyr­gy­zys­tan­da 20 adam ýa­zy­jy Çin­giz Aýt­ma­tow adyn­da­ky me­dal bi­len sy­lag­lan­dy. Ol me­de­ni­ýet, ylym, ede­bi­ýat we jem­gy­ýet­çi­lik iş­le­rin­de gör­nük­li hyz­mat­la­ry bi­ti­ren adam­la­ra gow­şu­ryl­ýar.
Da­ba­ra Şe­kil­len­di­riş sun­ga­ty mu­ze­ýin­de geç­di. Sy­la­gy my­na­syp bo­lan­la­ra ýa­zy­jy­nyň ogul­la­ry gow­şur­dy­lar. Sy­lag­la­nan­la­ryň ara­syn­da Biş­kek şä­he­ri­niň hä­ki­mi we Rus­si­ýa­nyň Gyr­gyz Res­pub­li­ka­syn­da­ky il­çi­si bar. Gel­jek­de ýa­zy­jy­nyň ady da­ky­lan tä­ze ki­tap­ha­na aç­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär.
-Tür­ki­ýä­niň An­tal­ýa şä­he­rin­de Çin­giz Aýt­ma­to­wyň mer­ke­zi­ni aç­mak bo­ýun­ça iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Biz No­wo­si­birs­ki­de hem şeý­le mer­ke­zi aç­mak ba­ra­da yla­la­şy­ga gol çek­dik. Gel­jek ýy­lyň maý aýyn­da ony aç­mak üçin No­wo­si­birs­kä gi­de­ris – di­ýip, Çin­giz Aýt­ma­tow adyn­da­ky Hal­ka­ra Ys­syk­köl fo­ru­my­nyň wi­se-pre­zi­den­ti Di­na­ra Žu­ma­ba­ýe­wa gür­rüň ber­ýär.
Gu­ra­ma­çy­lar Çin­giz Aýt­ma­to­wyň dog­lan gü­nü­niň 95 ýyl­ly­gy­nyň öňü­sy­ra­syn­da, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­syn­da Aýt­ma­to­wyň oka­ýyş­la­ry­ny ge­çir­me­giň göz öňün­de tu­tul­ýan­dy­gy­ny ha­bar ber­di­ler.