Barlag geçirijiler Uinston Çerçilliň mundan ozal näbelli bolan golýazmasyny ýüze çykaryp, onda britan premýeri Ýerden daşardaky durmuş barada pikir ýöredýär. Britaniýanyň döwlet we syýasy işgäri Uinston Çerçill Ikinji jahan urşunyň öňüsyrasy 1939-njy ýylda 11 sahypadan ybarat Ýerden daşardaky ýaşaýyş barada ylmy eser ýazypdyr. Ol “Biz älemde ýekemi?” diýlip atlandyrylýar. Görnüşine görä, bu makala çap edilmeli eken, ýöne haýsydyr bir sebäplere görä, soňa goýlupdyr.
Ol 1950-nji ýylda bu işiň üstüni ýetirip, öz dosty Emer Riwsa gowşurýar. Uinston Çerçill bu eserde “Älemde adamzadyň ýaşamagy üçin amatly şertleri bolan başga-da köp sanly planetalaryň bardygyny we olardaky suwlaryň beýleki jandarlaryň köpelmegine ýardam berýändigini” belläp geçýär.
Ol adamzadyň kosmos ewolýusiýasynyň ýokary derejesidigine ynanyp bilmändir we durmuşyň başga-da aňly-düşünjeli görnüşleriniň bardygyny tassyklapdyr. “Nature” žurnalynyň ýazmagyna görä, Çerçilliň ideýalary häzirki zaman ksenobiologlaryň pikirine düýpli meňzeşligi bilen tapawutlanýar.
On bir sahypalyk bu eser Çerçilliň Missuri ştatynyň Fulton şäherindäki muzeýiniň ammarynda saklanyp galyp, geçen asyryň 80-nji ýyllarynda getirilip goýlan eken. Bu golýazma barada 2016-njy ýylyň maýyna çenli hiç zat belli bolman, ony tötänden muzeýiň müdiri ýüze çykarýar.