Amerikan ýazyjysy Uolt Uitmeniň “Sunday Dispatch” gazetiniň arhiwinden näbelli romany tapyldy. “The Guardian” gazetiniň ýazmagyna görä, roman “Jek Englanyň durmuşy we başdan geçirmeleri” diýlip atlandyrylýar. Roman 1852-nji ýylda çykan gazetiň birnäçe sanynda yzygiderli neşir edilýär. Şol döwürde Uitmen “Ot ýapragy” atly ilkinji şahyrana ýygyndysynyň üstünde işläp başlaýar we ol üç ýyldan soňra neşir edilýär. Häzir bu roman “Walt Whitman Quarterly Review” almanahynda erkin göçürip almaklyk üçin goýlupdyr. Almanahyň baş redaktorynyň aýtmagyna görä, bu roman Uitmeniň kyssadan şahyrlyga geçişi baradaky garaýyşlary bütinleý özgerdip biler.
“Jek Englanyň durmuşy we başdan geçirmelerinde” baýlygyna eýe bolmak maksady bilen öz müşderisini aldamaga synanyşýan aklawçy barada gürrüň berilýär. Waka Uitmeniň geçmişi bilen bagly bolup, onuň kakasy hem aklawçy tarapyndan aldanan eken. Uolt Uitmen meşhur amerikan şahyrlarynyň biridir. Onuň 1855-nji ýylda çykan ilkinji neşiri “Ot ýapragy” atly şygyrlar ýygyndysy bolup, ol XIX asyryň ortalarynda iňlis dilli şygryýete has uly täsir eden eserleriň biri hasaplanýar. Uitmen “Ot ýapragynda” beýleki iňlis dilinde ýazýan şahyrlar bilen birlikde öz goşgy setirlerinde “erkin şygyr” werlibr usulyny ulanýar.