Rus şahyry Ýewgeniý Ýewtuşenko 1-nji aprelde 85 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Mundan öň, Ýewtuşenkonyň ABŞ-nyň Talsa şäherindäki hassahana ýerleşdirilendigi habar berlipdi. Ýewtuşenko 1932-nji ýylyň 18-nji iýulynda Irkutsk oblastynda dünýä inýär. Ol kyssaçy, režissýor, ssenariçi, jemagatşynas we aktýor hökmünde giňden tanalýar. Onuň ilkinji goşgusy 1949-njy ýylda “Sowetskiý sport” gazetinde neşir edilýär. 1952-nji ýyldan 1957-nji ýyla çenli A. M. Gorkiý adyndaky edebiýat institutynda okaýar.
1952-nji ýylda onuň ilkinji şygyrlar ýygyndysy “Geljekki aňtawçylar” çykýar. Şol ýyllar Ýewtuşenko ozalky soýuzyň ýazyjylar bileleşiginiň iň ýaş agzasy bolýar. Soňky ýyllar şahyr uly meşhurlyk gazanan “Üçünji gar” (1955), “Wada” (1957), “Dürli ýyllaryň şygyrlary” (1959), “Alma”, “Mähir” (1962), “El galdyrma” (1962) ýaly birnäçe şygyrlar ýygyndylaryny neşir etdirýär. 1963-nji ýylda Ý. Ýewtuşenko Nobeliň edebiýat boýunça baýragyna dalaşgär hökmünde hödürlenýär. Ol 1986-njy ýyldan 1991-nji ýyllar aralygynda ozalky SSSR-iň ýazyjylar bileleşiginiň müdiriýetiniň sekretary bolup işleýär. 1991-nji ýylyň dekabryndan bolsa, ýazyjylar bileleşigi arkalaşygynyň müdiriýetiniň sekretary bolýar. 1989-njy ýyldan “Aprel” ýazyjylar assosiasiýasynyň başlygy bolýar. 1988-nji ýyldan bolsa, “Memorial” jemgyýetiniň agzasy bolýar. Ý. Ýewtuşenko 1991-nji ýylda Oklahoma ştatynyň Talsa şäherindäki amerikan uniwersiteti bilen şertnama baglaşyp, maşgalasy bilen birlikde ABŞ-a gidýär we ömrüniň soňky ýyllaryny şol ýerde geçirýär. Şahyr 11-nji aprelde Moskwanyň golaýyndaky Peredelkina diýen ýerde depin edildi.