Is­pa­ni­ýa­nyň Mad­rid şä­he­rin­de dä­be öw­rü­len Aýaz­ba­ba­la­ryň ma­ra­fo­ny ge­çi­ril­di. Oňa 6 müň 105 adam gat­naş­dy. Şä­her­de şeý­le bäs­le­şik her ýyl ge­çi­ril­ýär. Pan­de­mi­ýa döw­rün­de ge­çi­ril­me­dik bu yl­gaw ma­ra­fo­ny­na 6 müň 105 adam gat­naş­dy. Aýaz­ba­ba­la­ryň bäs­le­şi­gi hem bol­sa bu şow­hun­ly ýa­ry­şa dür­li ýaş­da­ky ze­nan­lar we er­kek­ler gat­naş­ýar. Ýa­ryş paý­tagt Mad­ri­diň Kas­tel­la­na şa­ýo­lu­nyň ug­run­da 4 ki­lo­metr ara­lyk­da ge­çi­ril­di. Bu dur­muş mak­sat­ly çä­rä­den gel­ýän gir­de­ji ha­ýyr-sa­ha­wat iş­le­ri­ne gö­nük­di­ril­ýär. Ho­wa­nyň so­wuk­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, bu ýa­ry­şa gat­na­şan her ýaş­dan adam sport bi­len raý­daş­ly­gyň saz­la­şy­gy­ny eme­le ge­tir­di.

Şol bir wagt­da Is­pa­ni­ýa­nyň Pamp­lo­na şä­he­rin­de 700 adam Aýaz­ba­ba eşi­gin­de mo­to­sikl­li şä­he­riň mer­ke­zin­de aý­la­nyp, has­sa­ha­na­lar­da­ky ça­ga­la­ra sow­gat paý­la­dy. Şeý­le ýa­ryş­lar Nýu-Ýork­da, Bu­da­peşt­de we beý­le­ki bir­nä­çe şä­her­de ge­çi­ril­ýär.