19-njy de­kabr­da Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry We­pa Ha­ji­ýew Aş­ga­bat şä­he­ri­ne iş sa­pa­ry bi­len ge­len BMG-niň hü­när­men­le­ri­niň we­ki­li­ýe­ti­niň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky BMG-niň Sta­tis­ti­ka mü­dir­li­gi­niň De­mog­ra­fi­ýa sta­tis­ti­ka­sy bö­lü­mi­niň baş­ly­gy je­nap Srdjan Mrkiç bi­len du­şu­şyk ge­çir­di.
Du­şu­şy­gyň esa­sy te­ma­sy, hal­ka­ra ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da 2022-nji ýyl­da Türk­me­nis­tan­da Ila­tyň we ýa­şa­ýyş jaý go­ru­nyň uç­dan­tut­ma ýa­zu­wy­ny ge­çir­me­giň çä­gin­dä­ki hyz­mat­daş­lyk bol­dy.
Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry BMG-niň bi­ler­men­le­ri­niň bu se­bit­dä­ki ilat ýa­zu­wy­na gö­zeg­çi­lik et­mek mak­sa­dy bi­len ama­la aşy­ryl­ýan bu sa­pa­ry üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di.
Du­şu­şy­gyň bar­şyn­da türk­men ta­ra­py Türk­me­nis­tan­da ila­tyň we ýa­şa­ýyş jaý go­ru­nyň uç­dan­tut­ma ýa­zu­wy­na taý­ýar­lyk gör­mek üçin edi­len iş­ler ba­ra­da ha­bar ber­di. Hu­su­san-da, ilat ýa­zu­wy­ny taý­ýar­la­mak we alyp bar­mak bo­ýun­ça Döw­let to­pa­ry­nyň dü­zü­mi­niň tas­syk­la­ny­lan­dy­gy, üz­nük­siz ila­tyň we ýa­şa­ýyş jaý go­ru­nyň uç­dan­tut­ma ýa­zu­wy­nyň şy­ga­ry we ny­şa­ny, şeý­le hem bu çä­rä­ni hal­ka­ra ül­ňü­le­ri­ne do­ly la­ýyk gel­me­gi­ni üp­jün et­mek üçin he­re­ket me­ýil­na­ma­sy­nyň tas­syk­la­nan­dy­gy bel­le­nil­di.
Ilat ýa­zuw me­se­le­sin­de Türk­me­nis­tan bi­len BMG-niň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň äh­mi­ýe­ti nyg­tal­dy we hal­ka­ra ka­da­la­ry­na we ýö­rel­ge­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da ilat ýa­zu­wy­nyň ne­ti­je­le­ri­ni çap et­mek bo­ýun­ça hü­när­men­le­riň tek­lip­le­ri­ni öw­ren­mä­ge taý­ýar­lyk gör­ke­zil­di.