“Tesla” ýaşaýyş jaýlar üçin 500 müň Gün panelini ýerleşdirdi

180

Hä­zir­ki wagt­da elekt­rou­lag ön­dür­me­gi bi­len ta­nal­ýan hem bol­sa, “Tes­la” kom­pa­ni­ýa­sy bi­na­la­ryň üçek­le­ri­ni we beý­le­ki ýer­le­ri Gün pa­nel­le­ri bi­len ör­tüp, elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny ön­dür­mek we ony sak­la­ma­ga de­giş­li tas­la­ma­la­ry hem dur­mu­şa ge­çir­ýär. Kom­pa­ni­ýa­nyň hä­zi­re çen­li 500 müň­den gow­rak Gün pa­ne­li­ni jaý­la­ryň üçek­le­ri­ne ýer­leş­di­ren­di­gi ha­bar be­ril­di. Kom­pa­ni­ýa 2016-njy ýyl­da “So­larCity” şe­re­ke­ti­ni sa­tyn ala­nyn­dan soň­ra şeý­le teh­no­lo­gi­ýa­nyň önüm­çi­li­gi­ne baş­la­dy. Şu ýy­lyň ba­şyn­da “Tes­la” ABŞ-nyň Gün pa­ne­li ba­za­ryn­da bir­nä­çe re­kord goý­dy. Kom­pa­ni­ýa­nyň bi­na­la­ryň üçek­le­ri­ne ýer­leş­di­ren pa­nel­le­ri­niň önüm­çi­lik muk­da­ry­nyň 4 Gi­ga­wat­dy­gy mä­lim edil­di. Bu bol­sa her bir gur­na­ma­nyň or­ta­ça önüm­çi­lik kuw­wa­ty­nyň 8 ki­lo­wat­dy­gy­ny aň­lad­ýar.
Soň­ky dö­wür­de “Tes­la” ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň Gün­den alyn­ýan ener­gi­ýa bi­len üp­jün et­mek işin­de beý­le­ki şe­re­ket­ler bi­len hyz­mat­daş­lyk ed­ýär. Kom­pa­ni­ýa di­ňe Gün pa­nel­le­ri­ni däl, eý­sem pa­nel ar­ka­ly ön­dü­ri­len elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny sak­la­ýan ba­ta­re­ýa­la­ry we elekt­rou­lag­la­ry zar­ýad ber­ýän en­jam­la­ry hem gur­na­ýar. Ýag­ny kom­pa­ni­ýa müş­de­ri­le­ri­ne giň ekoul­ga­my hö­dür­le­ýär.

Ho­ja­ber­di Ar­ry­kow,
Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň Gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­ri yl­my-önüm­çi­lik mer­ke­zi­niň teh­ni­ki iş­gä­ri